olia
04.02.2023 00:00
"LIKE"-LARYŇ PSIHOLOGIÝASY.
Like - ýönekeý seredeniňde, halandygyňy aýtmagyň bir görnüşi ýaly, ýöne onuň başga funksiýalary hem bar. Like-y ilkinji nobatda sosial kapital diýilýän zady edinmek, ýagny internetdäki adamlar bilen aragatnaşyk gurmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak synanyşygy hökmünde hem görmek mümkin. Şeýle-de like-yň kömegi bilen öz pikirleriňizi we gyzyklanmalaryňyzy dünýä agyrysyz aýdyp bilersiňiz. Ýeri gelende aýtsak, sosial ulgamlar bu endiklerden pul gazanýarlar: ulanyjylaryň likelaryny seljermek arkaly kompýuter programmasy ulanyjynyň sahypasynda peýda boljak mahabatlary kesgitleýär we habarlar sahypasynda habarlary ýerleşdirýär.

Häzirki wagtda “Facebook”, “VKontakte” we “Instagram” ýaly köp sanly sosial ulgamlar, likesyz işlemek mümkinçiligini barlaýar we hatda olardan düýbünden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Beýle etmek bilen sosial ulgamlar süri mentalitetiniň täsirini ýok etmek bilen mazmunyň okalmagyny ýokarlandyrmak isleýär (haýsydyr bir postyň köp like gazanmagy postyň köp okalmagyna getirýär, az like alan post tersine - azaldýär). Şeýlelik bilen, ulanyjy diňe bir posty okamak bilen çäklenmän, eýsem halamagy ýa-da halamazlygy barada özbaşdak netije çykarar. Bu karar, şeýle hem, köp ulanyjylaryň özüni pes hasaplamak meselesini çözmek bilen baglanyşykly: like az alýanlara - özüni beýlekiler, has köp like alýanlar bilen deňeşdirmäge hiç hili sebäp bolmaz.

Likelar hakykatdanam sosial gatnaşyklary ösdürmäge kömek edýär. Muny “Fueled” amerikan kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ramit Çawl öz adyndan Instagramda habarlar sahypasyndaky her bir suraty halaýan ýörite programma döretmek bilen subut etdi. Netijede, ony her gün 30 sany täze ulanyjy yzarlap başlady, adamlar ony köçede tanap başladylar we oňa has köp post goýmak barada köp teklipler geldi. Şeýlelikde, Ramit Çawl çalt şeýle-de göni manyda aýdanda hiç zat üçin ähliumumy makullanmagyny gazandy.

Like - pikir alyşmagyň bir usuly we gynansak-da, has çuňňur täsirli gatnaşygyň ornuny tutýar. Syçanjygyň üstüne basmaga bir sekunt sarp etmek, ýazgyny iberen adam bilen gürleşmekden, oňa minnetdarlygyny we ünsüni bildirmekden has aňsat.

Mundan başga-da likelar bizi "şertli söýgä" öwrenişdirip, belli bir derejede newroz döredýär. Esasan-da beýle ýagdaýa çagalykdan hiç zat ýok ýerden däl-de näme-de bolsa bir zatlar üçin söýmeli diýen düşünjä eýerýän adamlar düşýär. Sebäbi like - bellibir herekediňe ýa-da ýeten derejäňe "baha bermek" ahyryn. Şübhesiz söýgini ýeterlik derejede duýan adamlara hiç hili erbetlik bolmaz: tersine, gatnaşygyň beýle görnüşi olarda erkin bäsdeşligi döreder. "Hiç zat" üçin ýeterlik derejede söýülmedik adamlar üçin bolsa käbir ýagdaýlarda depressiýa çenli ýetip biler.
23
373
Shining ✨
10 Fewral 2023
Köp kişide duşdym hatda"näme ûçin okaman like goÿdyñ" diÿip soradym olam" öñ köp kişi basapdyr,(halapdyr) menem şonuñ üçin basdym" diÿÿänler bar.dúÿbünden ÿalñyş pikir ÿöretÿärler.post 👍🏻
Myhman Myhman
4 Fewral 2023
Idealider , Agam salowmaleykim gawmysynyz Agam ýagdaýlar myhman Myhmana üns berme Agam diýer goýar
ideallider
4 Fewral 2023
Myhman Myhman, howwa men size näme ýamanlyk etdim. Öz pikirimden men akja-jüýje. Tapyň jemçiliklerimi!!! Siz näme etdiňiz, soň men näme hereket etdim!?
Myhman Myhman
4 Fewral 2023
Sofi bilyansireme hiczadam bilenok meni nahak blokladynyz ideallider bilen shamko diyilyani bir adam sony name ucin bilenoklar
Myhman Myhman
4 Fewral 2023
Sofii , men oglan bolup giryan yone ozimem oglan
gulshatayewa97
4 Fewral 2023
sofii,wi nätdingy 😂😂😂 öňki hasabym ýiter diýibem başga hasap açmaýan menä😂
olia
4 Fewral 2023
sofii,ay in bolmanda vertualda bir statusymy galdyrayyn diyyandirlerda😁🤦🏻‍♀️
Myhman Myhman
4 Fewral 2023
Yok olar yaly dal 🤣😂🤣😂🤣😂😂
Myhman Myhman
4 Fewral 2023
Sofii , Salam gawmy yagdaylar
prenses👸
4 Fewral 2023
Like like like...👍😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.