Aý-günler geçip dur tizligi bilen,
Saňsar pikirlerim ýykyp dur käbäm!
Gezsemem sabyryň sözligi bilen,
Ajal bir gyradan bakyp dur käbäm!
Köpeldi ýalany ýüzüne geýýän,
Ejizi agladyp, haramy iýýän,
Saçyma ak girip başlapdyr eýýäm,
Ajy hakykatlar çakyp dur käbäm!
Dost diýenlem, ýylan ýaly zäherli,
Işiň düşse, işli ýa-da gaharly,
Döwrany sürsemem ajap baharly,
Gussalam bir çete çekip dur käbäm!
Elbetde hiç kimden soralmaz geljek, Maňlaýymda ne bar, kysmat nä boljak,
Men-ä şu bolşumdan üýtgemän galjak,
Durmuş öz ugruna akyp dur käbäm!
Awtory:Baýram Bejidow