ÝÜREGIM GYSÝAR...
Ertir näm boljagym belli däl heniz,
Garjaşan beýnimi agyrlyk basýar,
Şükir ähli zadym ýerbe-ýer ýöne,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Her sekuntda çyrşap gara kirşenin
Ýalanlar tiz-tizden gursagma busýar,
Ýalñyzlyk derdine baglanan ýaly,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Ençe meýillere hyýala berilip,
Demir diýenlerim gidipdir poslap,
Idegsiz ekin deý, güne serilip,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar.
Arzymy aýdara adam ýok ýaly,
Elim sandyraýar, dilimem tussag,
Tüpeñiñ nilinden çykan ok ýaly,
Göwnümi nirädir bir ýere gyssap,
Bilmedim näme üçin sebäpsiz ýerden,
Käteler şeýle bir ýüregim gysýar...
Awtory: Baýram Bejidow