olia
03.02.2023 13:05
Şol beripdi Baş söýginiň mähnetin...
Nirelere alyp gitdi kysmatyň?
Aglaýan bolsaň-da, gülýän bolsaň-da,
Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin!

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam -
Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň...

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.
Men senden öňürti süýneýin sessiz.
Gara habar güni
gara gözüňden
Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir.

Rubagym söýgiden başlandy şeýdip.
Indi munuň yzy giderkä nädip?
Dünýäde söýgi kän, haýyr kän, şer kän,
Haram kän, halal kän... Gidiber gädip.

Kerim Gurbannepesow
20
144
A.E.S
3 Fewral 2023
Imissyou, şolar yaly dembilski panyatany halamogay mn. Şolaram basda maladoy bolup baran, yone gorenni gorkezjek bolyalarda
prenses👸
3 Fewral 2023
📖📖👍👍...
moonlight
3 Fewral 2023
Gitarada gowy edip aytyalar aydymyny
olia
3 Fewral 2023
Imissyou,😁😁😁
olia
3 Fewral 2023
gulshatayewa97,ýok Kerim agaňky. Bu bir durmuş onda kän zat bolup dur ýandak gülläp otyr otyr bägül solup dur diýen setirlerem şu poemadan
gulshatayewa97
3 Fewral 2023
Ezizowynky dämi gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.