Dowran Carygulyyew...
13.03.2020 07:35
Güýz gijesi

Ýakanok köňüle güýzüň şemaly,
Noýabr gyş geljegini buşlady.
Ikindin kölgeleň uzaýşy ýaly,
Ýene-de gijeler uzap başlady.

Kelläňi sokmaga tapaňok deşik.
Nädip geçirmeli soňsuz gijäni.
Ýa keýwanyň bilen süýji gürleşip,
Sanap çykmalymy güýzde jüýjäni.

Ne gapyň kakylýar, ne-de penjiräň,
Howadanam beter ýüzüň gamaşýar.
Şeýle günler, meniň çakyma görä,
Sen birine, birem saňa garaşýar.

Otuz üç ýaş köňle müň gussa salar
Daşarda çygly ýel gitdikçe güýjär.
Bu şeýle bolupdyr. Şeýle-de bolar:
Günleriň gysgalyp,
Uzalýar gijäň.

Gurbannazar Ezizow
6
590
Myhman Myhman
13 Mart 2020
???? +1?
Dowran Carygulyyew...
13 Mart 2020
Berekella gosgyn ceperciligi we gramatikasy barada men gurlejek dal many taydan 1 bentde kan zat beyan edilipdir ozem hakyky zatlar
Dowran Carygulyyew...
13 Mart 2020
Gaty gowy size minnetdar gosgularynyzy paylasyanynyz un
Myhman Myhman
13 Mart 2020
Onsuz ýûrek bordy tukat Gõzleñ dolar gyýylanda Ýapy ýanyñ ýerde eken Dost sôýgûsi duýulanda
Dowran Carygulyyew...
13 Mart 2020
Salam ertiriniz hayyrly bolsun sag bolun minnetdar
Myhman Myhman
13 Mart 2020
Gowy taýynlapsyñyz berekella (M)
BBaharjyk❣
13 Mart 2020
Howwa bollular. Bolmadyk bolsalaram bolarlarda ertir sazy yazmaly. Howwa Kumus cynanam yok name bolluka. Gowydyrlay.
Dowran Carygulyyew...
13 Mart 2020
Berekella yegen gayrat et hemmesi tayyarlanyp boldularmy saza korpe yegen gornenokla jany sagmyka
BBaharjyk❣
13 Mart 2020
Howwa gowy ertir sazymam bolyan nesip bolsa.
Dowran Carygulyyew...
13 Mart 2020
Salam yegen gowy ozin gowymy armada
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.