Kiçijek serçe bardy, Rebbinden öýkeläpdi günler geçýärdi we serçe Rebbine hiç zat diýmeýär onuň bilen gürleşmeýärdi.
Bolan zatlary içine salyp gaýgy gama batypdy. Melekler bilesigelijilik bilen Allatagalladan serçäni soraýardylar we her gezek Allatagalla meleklere "Ol geler meniň bilen gürleşer" ..diýip jogap berýärdi. "Çünki onuň sesini eşdip biljek ýalňyz mendirn we onuň kiçijek ýüregindäki derdine düşünüp biljek mendirn" ...diýýärdi.
Belli bir wagtdan soň serçäniň kalby gussadan ýüzi gamdan dolupdy. Şol ýagdaýynda bir agajyň şahasyna gonupdy. Hiç zat gürlänokdy, sessiz-sessiz garaşýardy.
Allatagalla serçä seslendi: "Aýt maňa janyňy ýakan we kalbyňy gussa bogan derdiň nämedir?" ...
Melekler serçe näme diýer diýip oňa seredýärdiler.
Serçe gaýgyly biraz hem öýkeli ses tony bilen: "Kiçijek bir öýüm bardy Alla'm ýadanymda dynç alýanym üşänimde sygynýanym hiç kime zyýan bermeýädim, ullakan dünýäde kiçijek ýerdi. Hiç kimiň ýerini dar etmeýärdim, sen ony hem maňa köp gördüň. Biwagt gelen şemal tupan turuzup ýykdy öýümi we meni öýsiz goýdy." Başga-da hiç zat gürlemedi. Sözleri bokurdagynda düwünlendi. Sessizlik arşy Rahmanda ýaňlanýardy. Melekler başlaryny egip Allanyň berjek jogabyna garaşýardy. Allatagalla: "Eý serçe! Sen meniň gulum dälmisiň!".
Serçe: "Elbetde men seniň guluň"...
Allatagalla: "Onda näme üçin meniň eden zatlaryma razy bolaňok bilmeýän zadyňy soraýarsyň?".
Serçe boýnuny büküpdi.
Beýik Allatagalla şeýle seslendi: "Men size diýmedimmi! Siziň haýyr bildigiňizde şer, şer bildigiňizde haýyr bardyr diýip!"
Serçe özüni günäkär duýup başyny egipdi soňra jogap berdi: "Diýdiň Rebbim!"
Allatagalla: "Onda näme üçin hikmetini bilmeýän zadyňy soraýarsyň?!"
Serçe hiç zat gürlemedi hökman öýüniň ýykylyşynda hikmet bardy. Ýöne ol nämedi? Allatagalla melekleriň hem serçäniň hem bilmek isleýän ol hikmetini aýtdy:
"Sen öýüňde dynç alýarkaň seni awlamak isleýän bir ýylan öýüňe tarap gelýärdi, seni ýylandan goramak üçin şemala buýurdum öýüňi ýyksyn diýip. Şeýdibem sen ol ýerden uzaklaşyp ýylandan halas bolduň. Ençeme belalar bardyr we men seni muhabbetim bilen ýylandan uzaklaşdyrdym. Ýöne sen goraýjy muhabbetimi görmeýäň geçiji belalar sebäpli maňa duşman bolýarsyň. Serçe ol sözlerden soň aglap başlapdy we ony söýýän Allatagallanyň merhemedine haýran galdy we bagyşla Rebbim bagyşla diýip bildi.
Türk dilinden terjime eden: Jemal Seýitniýazowa