BaýramBejidow
02.02.2023 04:03
Maña ejizdir öýtdüler,
Beýiklikden gorkýan diýsem,
Maña ejizdir öýtdüler,
Käteler darykýan diýsem.

Maña ejizdir öýtdüler,
Sadalañ tarapyn tutsam,
Maña kejirdir öýtdüler,
Terk edenleri unutsam.

Maña gorkakdyr öýtdüler,
Gep gaýtarman dymanymda,
Oña erkekdir öýtdüler,
Kişä kesek zyñanynda.

Säginende täleý otlym,
Saga çekdiler çep ýanym,
Duýmadylar kine bilen,
Gussany içe çekýänim.

Bu ömrüñ tanapy çüýrük,
Umyt bar, ynam ýok ertä,
Güneşe çüýredi duýgym,
Añmadylar ynam terkä.

Gyýylanda ýuka göwnüm,
Başymy sypan ejemdi,
Tümlüge gabap gitdiler,
Ýagty ýatlanjak geçenmi.

Tenimden burugsan tüsse,
Dem bolupdy käbirine,
Niýetime ýaplanypdym,
Emma bakdylar hilime.

Maña bahyldyr öýtdüler,
Dogrulap baksam ýüzüne,
Oña jahyldyr öýtdüler,
Bal garanda zäher söze.

Ýalñyzlykdan haraý isläp,
Dilime dakdym ýaşmagy,
Päk ýüregmi çöpe seren,
Iki ýüzlüleñ paşmagy.

Gaçyp gutulma ýok eken,
Hyýallarym salgym ýaly,
Ýene umyda ýapyşdym,
Olam menden argyn ýaly.

Ýaşamagy dowam etsem,
Arzuw ýelegmi tüýtdüler,
Kyn günümde doga etsem,
Maña ejizdir öýtdüler...


Awtory: Baýram Bejidow
15
105
A.E.S
2 Fewral 2023
Galamyñyz yiti bolsun☺️👏🏻👏🏻👍🏻✅
Tokio
2 Fewral 2023
OOO.Likeeee.👏👏
Leýla💔
2 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Myhman Myhman
2 Fewral 2023
Salam
Dusia
2 Fewral 2023
🤍👍🏻 Goşgulaň gaty gowy tüweleme!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.