Dowvvran
01.02.2023 19:48
Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Hakdan bize buýruk baglydyr bilim,
Sende taglym aldy, açyldy dilim,
Gelsin diýip garar ol gerkez ilim,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy

Seljerer men indi agy-garany,
Dost, rakyp, gardaşym, haky, ýarany,
Okydym, göterdim kitap kurany,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Aklym gysga erdi, käsäm gaýnady,
Jiger talwas urdy, göwün oýnady,
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Joşgun ýüregimde möwç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-taglym algan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Peýman dolmaý, gelsek takat ýetmeýen,
Pinhan zahyr kylmaz akyl gitmeýen,
Bady-paý atlanyp, seýran etmeýen,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Rige girsem-de, guwwas ýüzer men,
Bihasret ýaýnaýam, bigam gezer men,
Dahan içre asal-zyban ezer men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Kämil bolup serenjamlyk kylyp men,
Muşakgatdan, ol pederden galyp men,
Käbämden aýrylyp jyda bolup men,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Kutbda saý gözläp, ummana duşdum,
Neýsan guýdy, umman gaýnadym-joşdum,
Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Magtymguly taşlap göwün hapasyn,
Sylady pirini, molla, sopusyn...
Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!


5-3=?
10
54
Dowvvran
1 Fewral 2023
olia,şeýdäý onno😉
olia
1 Fewral 2023
Dowvvran,ona cenli onayyn)
Miss_Minnosh❤️
1 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍👍👏👏
Leýla💔
1 Fewral 2023
Dowvvran,gowy menem hemişe gowy bol
Dowvvran
1 Fewral 2023
Leýla💔,waleýkimessalam gowy sen
Leýla💔
1 Fewral 2023
Dowvvran,salam gowmy
Dowvvran
1 Fewral 2023
jemal_seyitniyazowa,🎖
Dowvvran
1 Fewral 2023
Gowmy?
Tokio
1 Fewral 2023
Likeeee👍
jemal_seyitniyazowa
1 Fewral 2023
٢=٣-٥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.