OÝUN
Bir nokada gözüm dikip otursam,
Ýene hakydama gelýär syratyň.
Seniň gapdalyňda men-ä ýok welin,
Maňa nädip düşüpdir seň suratyň.
Geň galýan, belki-de ýadygär diýip
Suratlarmyň arasyna salansyň.
Ynansaň men henizlerem gözleýän,
Gizlenpeçek oýnan çagymyz
Seň gizlenen ýeriňden.
Gündeligme gül çekipdiň, häzirem
Olar çyn bägül deý otyr açylyp.
Çünki men olary her gün suwarýan.
Damjalarmy ýagyş deýin gaçyryp.
Görsene bu zatlar hakyky ýaly
Suratyňa näçe bakýan ýadaman.
Keşpler çarçuwada galýar ömürlik,
A adam…
***
Alladan dilänim alnymdan çykyp,
Meni bagta sary iterip barýar.
Ol meni: «Namysym, mertebäm!» diýip,
Golunda tug deýin göterip barýar.
Gözlerini görejime dikende,
Ady maňlaýyma ýazylyp gitsin.
Ol — şa, menem — elindäki tug bolup,
Ömürlik parlamak miýesser etsin…
Gülnar Geldimyradowa