“IL-GÜN NÄME DIÝERKÄ?!»
Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda
heý-de bir zatlar eşidipmidiň?gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakdaaýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine pugta üns berýärsiň. Öz etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin, özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla üns bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da ýamanlamasy asla seniň perwaýyňa däl. Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl ýetirýärsiň. Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan, aňyňda göterip gelen iň wawwaly sowalyň: “Il-gün men hakda näme diýýärkä?" diýen pikiriň üznüksiz pikire öwrer derejede asla ähmiýetli däldigine, juda biderekdigine akyl ýetirýärsiň. Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.
Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji
derejeli zada öwürmegimize özümiz günäkär. Munuň gözbaşy hem, başgalaryň özümiz hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran, ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi olara ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz göwnümizi, ýürekde beslän arzuwlarymyzy gaýra goýsak, diňe töwerekden baha ýa-da dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt hemme kişiniň göwnünden turjak iş edip bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni. Olaryň ikiside eşege artlaşyp münen ekenler. Bularyňşeýdip barýanyny gören bir topar adam: “Bulara serediň-ä, iki bolup bir eşege münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin"— diýipdirler. Hoja Nasreddin ogluny eşekden düşürip, bir özi oturypdyr. Az ýöräpdirler. Öňlerinden ýene bir topar adam çykyp: “Muňa serediň, garry atasy eşegiň üstünde, körpe ogul bolsa pyýada barýar, heý-de, boljak zatmy?" diýşipdirler. Nasreddin eşekden düşüpdir we ogluny mündüripdir. Az salym ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene
birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir:
“Bulara serediň, ogly eşegiň üstünde, garry
atasy bolsa, pyýada barýar, heý-de, gelişýän zatmy?" diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň üstünden düşürip, ikisi hem eşegiň ýanyndan pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan birnäçe adam bularyň ýoluny kesipdir: “Bulara
serediň, eşegiň-ä üsti boş, adamlar hem
ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili
düşünjesizlik?" diýşipdirler. Hoja Nasreddin ogluna ýüzlenip: “Oglum, il-günüň her sözüne gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň gowusy öz bilýänimizi edibereli» — diýipdir.
"Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary"
Kerim aş-Şazili
Arap dilinden terjime eden: R.Gylyjow