Her adamyñ öz dünýäsi bar.Meniñ hem diýen etmeýän ýüregim bar.Asyl ol ýürek senli dünýä ädim ätmänkäm aklym bilen dostdy.Seni tanap başlanyndan soñ bolsa,aklym bilen tersleşip,uzakdaky seniñ ýüregiñi özüne ýakyn saýdy.
Geñ duýgy!Adamlar maña söýgi hakda söz açyp gürrüñ berenlerinde,öz ýanymdan düşen günlerini akmaklyk hasaplaýardym.Gürrüñ berip başladyklary gülkim gelip başlaýardy.
Bu hatymy diñe bir adam okar.Ol-da sen!Meni ajap duýgularyñ içinde ýaşadan!
Garaşdym,her günler,her sagatlar,her minutlar hat-da her sekuntlar senden geljek hatlara gözümi dikip garaşdym.Habarnama gelende sendendir diýip tisgimdim,emma başgalar...
Bilmezlikde göwniñe degsem derrew ötünç sorardym.Sebäbi seni ýitirmekden gorkýardym.Gülmegiñ üçin özümi edil çaga ýaly alyp barardym.Senden bir hoş söz eşitsem şol gün menden bagtly adam ýok.
Aklymdan çykmadyñ!Eden işlerimiñ kòpüsini nädogry ederdim,köpüsi ýadymdan çykybam galýardy.Töweregimdäkiler ahwalymy añşyrypdyrlar.Geñ gördiler.Ýagdaýymy başardygymdan bildirmezlige çalyşdym,emma bolmady.Sen gijeler ýatyrkañ,alysda bir ynsan seniñ üçin aglaýardy.Seniñ bolsa habaryñ hem ýok.Gözlerimiñ çişenlerini görenler eýgilikmi diýip soraýardylar.Menem çala sowuk degendir diýip başymdan sowýardym.Asyl aglap-aglap çygjaran gözlerimdäki ýaşlar owaçlarymy sowukladypdyr.Geçer gider gözmiñ azasy,emma seniñ ýarañ ynan hiiiç bitmez!
Bilýäñmi...?Başgalar ýüregimiñ gapysyny kakyp girip bilmediler,a sen kürsäp girdiñ!Gör nähili bagtly günleri başdan geçiripdirin.Ykbalymyz bizi her ýana dartdy.
Indi men bir zada ymykly ynanýan.Seni söýen ýüregim başga birini hiç wagt hiç haçan söýmez,gözlerim saña garaýşy ýaly başgalara garamaz,aklym seni ýatlaýşy ýaly hiç kimi ýatlamaz,aýaklarym seniñ ýanyña howlugyşy ýaly,hiç ýere howlukmaz,gursagymda özge biri üçin gyzgyn duýdy döremez,ellerim seniñ elini berk tutuşy ýaly,başga elleri tutmaz.Gözlerim başgalar üçin ýaş dökmez,dillerin saña saýraýşy ýaly saýramaz.Kalbymda hiç bir galpyldy bolmaz!Utanjañ,dymmajam!
Men juda üýtgäpdirin.Seniñ adyñ meniñ ömrümde,köñlümde uly bir oýlyk oýdy,ol gün-günden ompurulyp,ýumrulyp barýar...!!!