bismark
30.01.2023 18:09
ÄHLIMIZ MILLIARDER
Öňräk bir dertli, aladaly dostum geldi. Üflat ýagdaýda... Megerem, pulsuzlykdan kösenýändir. Bu bolşuň-a bolanok – diýdim. Sen milliarder halyňa, dünýäden zeýrenýäňmi? Sebäpsiz ýere aladalanýarsyň.

Elbetde, haýran galdy.

– Seret! – diýdim – Eger iki goluňa iki milliard baha kesseler, egniňden goparyp aljak diýseler, satarmyň?

– Satmaryn.

– Ýa-da iki gözüňi bir milliarda satarmyň?

– Satmaryn.

– Iki aýagyňy bäş ýüz milliona?

– Satmaryn.

– Onuň ýaly bolsa, şunça baýlyga eýe halyňa, ahlap-uflap durmaň dogrumy? Azajyk pul kynçylygy hemmeleriň başyna düşýär. Taşla onuň ýaly biderek zatlary!

Adam tikenleriň arasynda güli görüp, begenmegiň ýerine, gülleriň arasynda tiken görüp, arza–şikaýat edýär.

Meseläniň düýbi – şol ters düşünjäniň zyňylmagydyr. Muny başarmaýan bolsa, milliardlara (trillionlara) eýe bolsa-da, ökünýändir.
10
128
bismark
30 Yanwar 2023
HangeldiAmanberdiýew,dogry
HangeldiAmanberdiýew
30 Yanwar 2023
bismark,bagyşla yalñyş dushunme jedeli halamogam weli adam óz doguljak ýerini yada maşgalasyny ózi saylanok senem sho yerde doglan bolsan saña kimidir bir shu sózi diyse nahili bolardyñ elin bar akylyñ bar ulanyp bilmeseñ ózüñden dp...
Relax
30 Yanwar 2023
bismark, beýdime hou şuvagt Fransiyada oýnaýan fubolçylan bary asly Afrikaly imigrant bolup gacyp gaýdan olarda talant barda ideg ýok
Myhman Myhman
30 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍👍
bismark
30 Yanwar 2023
HangeldiAmanberdiýew,Aydyp bilyan Aftikada Hindistan Altynyñ Almazyñ gorlary bar trln kub gaz mlrd tonnalap nebiti bar ulanmagy basaranoklar Akyly bar eli bar ayagy bar ulanyp bilmeseler ozlerinden
ideallider
30 Yanwar 2023
Bagryndan ineni adam etmek üçin, janyny satmaga taýynlar hem bar, ola el aýak eken👍
HangeldiAmanberdiýew
30 Yanwar 2023
Belli bir mukdarda puly bar bolup zeyrenýaler ucin manyly nesihat yone bu gurruňi Hindistandaky yada Afrikadaky açlykdan ólyanlere aýdyp biljekmi
bismark
30 Yanwar 2023
Bitter,Beyleki zatlara yetmek ucin hereket etmelide
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.