🔹Mansa Musa (1300) 🔹Jeýkob Fugger (1500) 🔹Kornelius Vanderbilt (1980) Bu atlary bilýäniňiz barmy?
Bu atlar adamzat taryhynda iň köp baýlygy bolan adamlaryň diňe birnäçesidir we bu adamlar şol döwürde ýazylan iň meşhur adamlardy. Bu adamlary haýsyňyz tanaýaňyz?
Möwlana, Dostoýewskiý, Tolstoý, Platon, Sokrat, Nazym Hikmet, Jemal Süreýa diýsem, bu atlary bilmeýäniň barmy? (Bilmeseň ol seniň bisowatlygyň😌) Elbetde, bu atlary şeýle meşhur edýän pul däl. Biziň köpümiz Dostoýewskiý ýaly ýazyjylaryň ömrüniň garyplykda geçendigini bilýäris.
Bu adamlary şeýle güýçli we ýatda galyjy edýän zat, olaryň sözleri, pikirleri. Bu adamlar durmuşda dowamly yz galdyrmak üçin pul däl-de, sözleriň güýjüni ulandylar.
Sebäbi,
"Kim näme diýse diýibersin, sözler dünýäni üýtgedip biler." (Öli şahyrlar jemgyýeti guramasy)
Ýazan sözleriniň asyrlardan soňam düşünilýändigi adam duýgularynyň hemişelikligini görkezmeýärmi?! Eger-de biz hakykatdanda adam bolanymyzda elmydama şuňa meňzeş duýgulary duýarys ...
Öwrenmäge we many gözlemäge hemişe gönükdirilen durmuşymyzda, elmydama setirleriň arasynda, has möhümi bolsa düşünmäge synanyşýarys. Köp zadyň göwünlik berýän ýaly däldigini bilmek, manyly bir sebäp tapmak erbet hekaýalara çydamlylygymyzy döredýär.
Adamlara yzygiderli gündelik ýazmagy maslahat berýärler, psihoterapiýada duýgularynyň üýtgemegini bellemegi haýyş edýärler we yzygiderli ýazmagyň adam aňy üçin sport çäresi bolup durýandygy hemişe ýatlanylýar. Ýazmak adamlara özlerini türgenleşdirmäge, öwrenmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, bu ugurlar boýunça köp gözlegler bar: Lukman Pennebaker-iň bejeriş usuly "duýgy taýdan manyly ýazmak".
Bu ýazuw işine gatnaşan adamlaryň beden we akyl saglyklarynda ep-esli gowulaşandygy ýüze çykaryldy. Bu adamlar özlerini has bagtly, pes depressiýa duýup başladylar. Ýazuw sessiýalaryndan soňky aýlarda düşmeýän gan basyşy peseldi, immun ulgamlary has gowy işledi we lukmanlara görünmekleri azaldy. Şeýle hem, gatnaşyklarynyň has hillidigini, ýatlamalarynyň has güýçlidigini we işdäki üstünlikleriniň has ýokarydygyny mälim etdiler. (Çeşme: “Düşünjeli ýazuw; Şypa berýän sözler”, 2014)