Sen maña ,,söý" diýme özge birini,
Ondan señ mähriñi duýup bilmerin,
Bütin ömür bagtyma şaýat bolup,
Ony seniñ ýaly söýüp bilmerin.
Sen maña ,,söý" diýme özge birini,
Duýgylam surnugar, daralar älem,
Sen maña umyt ber iñ bolmanynda,
Diýme ,,menden başga gözel gyz kän-ä".
Kän-le, gytçylyk ýok gyz bilen duza,
Oglanam şonçarak, azlyk edenok,
Ýöne senden başga birini saýlap,
Söýmäne asyl meñ güýjim ýetenok.
Kalbymyñ törüni eýelän sensiñ,
Meni sensiz günler barýar irizip,
Sen maña umyt ber ýaşarym ýaly,
Sen maña ,, söý" diýme özge birini...
Awtory: Baýram Bejidow