Adamzadyn geñ häsiýetleri. (FILOSOF
EFLATUN)
Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar:
"Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran
ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy
islemezler,ulalmak üçin howlugarlar.Sonra-
da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin
gije-gündiz ylgap, saglyklaryna zyýan
ýetirerler, önki saglygyna gowuşmak üçin
ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirlerin
aladasy bilen bu günlerini unudarlar.
Netijede, bu günlerini we ertirlerini yaşamaz
ýaly ederler. Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar,
yöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip
danadan ýene soranmyşlar. Dana şeýle
jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolman,
hiç kimin önünde kiçelmän, hiç kime-de
ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. In esasy
zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak
däl-de, in az zada mätäç bolup bilmekdir!