Bilýäňmi?!
Nämüçin seni saýladym
Wah, özimem şoňa otyryn geňläp
Emma, pikirlerim ymtylýar saňa,
Bilemok olary bir ýere jemläp
Men seni saýlamadym görkiň üçin
(Sorasaň hemmä-de owadan gerek)
Men sende tapypdym, çaganyň kalbyn,
Hemem tapdym sende owadan ýürek
Hawa, tapdym sende owadan ýürek
Ony bolsa tapdyranok çem gelen
Şol ýürek bilenem birlikde mydam,
Dünýäň ähli sadalygy jemlenen
Göz astyndan ogryn, dünýäň synladym
Umman deýin mähir berdi göreçler
Bu bagt üçin göreşerin elmydam,
Göreşenňe-de degýändir göreşseň...
Ylham GURBANALYÝEW (2019)