Ençe gezek geçip gitdiň ýanymdan
Ençe gezek geçip gitdiň şowurdap.
Ahyr bir gün ykbal bizi duşurdy
Gülüp bakdyň...
Egniňdäki keteniň,
Aý nuruna öwşün atdy lowurdap.
Emma duşuşygmyz çekmedi köpe,
Biziň garşymyza çykdy bir betpäl.
Bat berip gybata, töhmetli gepe
Sümsünip gezýänler henizem gyt däl.
Ýöne biz dönmedik, gitmedik çepe,
Şeýdip ýene bizi duşurdy ykbal.
Bir gün duşuşyga wagtynda gelmän,
Meni entedipdiň wadaly ýerde.
Menem üç-dört gezek salamyň alman,
Arym alyp seni goýupdym derde.
Bilýän şonuň üçin aglansyň hökman,
Doňňarlyp köp gezdiň ýüzüme bakman.
Ýene-de daň atdy, gün çykdy parlap,
Garlar eräp, çaý-çeşmeler joş urdy.
Bir azajyk eýläk-beýläk silterläp,
Ýene ykbal ikimizi duşurdy.
Ýene meni gyzdyrdyň sen gün ýaly,
Ýene gördüm gözleriňde dünýäni.
Şeýdip döretdik biz täze bir ykbal.
Döredi ol söýgi bilen aýdymdan.
Seniň üçin,
Seni söýüşim ýaly,
Bu ykbaly ýürek bilen söýdüm men.
Ynanýan ýaz geçip, össe-de şemal,
Bägül şahalaryň gaňyryp bilmez.
Seni meniň bilen duşuran ykbal
Meni senden hiç wagt aýyryp bilmez.