jemal_seyitniyazowa
28.01.2023 12:09
Ar alyş.

Seň yzyňda çapa-çapa🤭
Ýedi köwüş dargap gitdi😁
Söýgim üçin gurban bolan🌹
Günler maňa gargap gitdi😥

Güjügiňizden gaça-gaça🏃🏻‍♂️
Döretdim ullakan ýoda🛤
Itiň çeýnän balaklaryny🤫
Dikip ýamap etdim moda😉

Damagymdan çörek geçmän🙁
Sekiz kilo horlandym men😶
Seň yzyňa düşmezden öň🙇🏻‍♂️
Döw deý daýaw oglandym men💪🏻

Ýalbarmaklyk ýakarmaklyk🙂
Et süňküme ornap gitdi🤐
Toýa niýetlenen sygryň🐄
Göleleri garrap gitdi😅

Toýa getirjek bagşymyň🕴🏻
Ses owazy tükenipdir🙄
Köpler ýaly fonogramma💫
Aýtmadygyna ökünüpdir😤

Dogan-gardaş gelne diýip👰🏻‍♀️
Öýme baryn göýberipdir😌
Arman syçanlar sandykda🐀
Menden öňürt öýlenipdir🤵🏻☹

Ynha bu gün ýetdim saňa🤗
Gurban edip şunçalary😋
Gapymyzda toý dabara🕺🏻💃🏻
Sowgat edip şunçalary😇

Dur bakaly, synla meni🧐
Gör söýgüniň ýaralaryn🤕
Bir ömrümi bagş edip🙈
Indi senden ar alaryn!😄
26
241
Hemmezatwagtlaýynça
1 Fewral 2023
Söz ýok
gulshatayewa97
30 Yanwar 2023
Ahyry maksadyna ýetipdir🤭
Myhman Myhman
28 Yanwar 2023
On yzyndan capa capa
jemal_seyitniyazowa
28 Yanwar 2023
ideallider, dogry diýäňiz ýöne postuma gelişdirip goýdum)
ideallider
28 Yanwar 2023
Islendik gaşyna-degen fotomodel, hidjab geýip syran bolaýýaraý. jemal_seyitniyazowa, senem muňa guwanýandälsiň diýip umyt edýän😑
moonlight
28 Yanwar 2023
Gowy degisme gosgy ekeni
jemal_seyitniyazowa
28 Yanwar 2023
Tokio, Kerim Hally diýilli anyk bilemok menä
Tokio
28 Yanwar 2023
Ooooo awtory:
Myhman Myhman
28 Yanwar 2023
ar aljak bolman indi guly bolarsyňda
💎💎Tylla💎💎
28 Yanwar 2023
İtin ceynan balaklaryny dikip yamap etdim moda 😅😅😅😅😅😅👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.