ylham_gurbanaly
27.01.2023 10:33
Söýüň, gyzlar!
Söýüň ýigitlermizi!
Söýülen ýigitler şahyr bolýandyr.
Dünýe dek gadymy, müdimi söýgi
Olaryň başyna oýun salýandyr.

Söhbetlerniň soňy söýgä syrygar,
Goşgy, gazal ýa aýdym-saz agzalsa.
Söýüň!
Söýmeseňiz, günäkärsiňiz,
Gelejekde şahyrlarymyz azalsa.

Söýüň, gyzlar!
Hany, başlaň çaltrak!
Şahyrlary köpeltmeklik — borjuňyz.
Onsoňam ýitirýän zadyňyz ýog-a,
Şahyr çykmasa-da... ärl-ä borsuňyz.


✏Oraznepes BAÝRAMOW
*Çeşme. Islenen.ru
19
167
jemal_seyitniyazowa
27 Yanwar 2023
ylham_gurbanaly, 🤫🙊
ylham_gurbanaly
27 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa, barlanlaram bar öýtýän))
ylham_gurbanaly
27 Yanwar 2023
arzuv_shayymova, hak aýtýa))
ylham_gurbanaly
27 Yanwar 2023
AýgülÝazweliýewa, gatyrak ur))
Dusia
27 Yanwar 2023
Her gyzy wasp etjek bir şahyry bardyr meň pikirimçe)
AýgülÝazweliýewa
27 Yanwar 2023
Ha-ha-ha 🤦🏻‍♀️
jemal_seyitniyazowa
27 Yanwar 2023
Howa şahyr bolýany çyn eken😅💙
Lilia_
27 Yanwar 2023
Şahyr çykmasa- da... ärlä borsuňyz 😁😂😂
okayjy
27 Yanwar 2023
Ir bilen Motivasia berdi 😁. Gowy goşgy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.