BaýramBejidow
26.01.2023 22:29
Ynanmak islärdim ähli gowlyga,
Ýel össe tozana bähbit saýardym,
Köpler ynam hakda gümän döretse,
Oña öz ýanymdan şatlyk çaýardym.

Ýylgyrsam begenen, ejeme meñzäp,
Bagtyma bir peri duşar öýderdim,
Göwnüni çigit deý göwnüme deñläp,
Hyýallam depämden aşar öýderdim.

Ynanmak islärdim aglasa biri,
Içini içine sygdyryp bilmän,
Gowy bolmak üçin gowylaşjakdym,
Maña ynanylan ynamy çilmän.

Arzuwym, söýmekdi mynasyp birin,
Ugrynda janserek, köýmekçidim men,
Emma ,,söýgi" diýip berdiler esgi,
Ýalany ýaşyran köýnekçesinden.

Awtory: Baýram Bejidow

18
135
Leýla💔
1 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
Miss_Minnosh❤️
1 Fewral 2023
👍👍👍👍👍👍
💎💎Tylla💎💎
27 Yanwar 2023
Gaty gowy 👏👏👍🏻
Myhman Myhman
27 Yanwar 2023
Eliñe saglyk
Tokio
26 Yanwar 2023
O....Likeeee👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.