Açgözüň biri goňsy obadaky garyndaşlarynyňka myhman çylyga barypdyr. Öý eýesi ony ýagsy hezzetläpdir. Ähli tagam iýlip gutarylandan soň, öý eýesi bir piti agaran bilen çörek getiripdir. Myhman känbir emgenmän, bulary lak - luk atypdyr. « Mürehed - ä däl, işdäň bar bolsa, keýwana ýene oduk - buduk getirdeýin » > diýip, öý eýesi sypaýyçylyk edipdir. « Sorap berenden urup ber! » diýip, myhman gägirip goýberipdir. Dilinden bela galan öý eýesi şundan soň bir golça bal bilen çörek getiripdir. Myhman bulary - da garnyna gapgarypdyr. Mundan beter nähili hezzet - hormat etjegini bilmän ýaýdanan öý eýesi myhmana gep goşupdyr: - Yogsa - da, ýol bolsun. Ugur hanjak ýa - da habarly geldiňmi ? Yöriteläp tebibiň ýanyna barýardym, seniňem halyňdan habar alaýaýyn - diýdim. Soňky wagtlar, näme üçindir aşgazanymyň ugry gaçypdyr. Indi öňkülik galmandyr. Bütinleý işdäm ýok 😐