olia
26.01.2023 00:06
Dünýä milletleriniň aýakgaplary.

1.Paduki - üsti açyk aýakgap bolup, ol 5 müň ýyl mundan ozal döredilipdir. Bu aýakgap Hindistanda häzir hem geýilýär. Aýakgabyň özi-de hatda onuň galdyran yzyda iudizm dininde keramatly hasaplanýar.
Aýakgaplar

2.Bu çaga sandaliýalarynyň tikilenine 3 müň ýyl bolupdyr. Gadymy Müsürden tapylan.


3.Namaşkin - gadymy suw ädikleri. Bu agaçdan ýasalan koreý aýakgaby ýagyşly howada geýmäge niýetlenen bolup, b.e.öňki 220-280-nji ýyllardan bäri bar.


4.Çopinlaryň eýesiniň ýokary statusyny görkezýändigine garamazdan, olary köýnegiň aşagynda ýygşyrmak däp bolupdyr. Bu aýakgaby abraýsyz aýal maşgalalar geýýär diýlip hasaplansa-da, örän meşhur bolupdyr. XVI-XVII asyrlar, Italiýa.


5.Koturnlar - gadymy Rimlileriň sahna aýakgaby bolup, ony tragediýalaryň aktýorlary uzyn görünmek üçin geýipdir. Penzadaky ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan nusga.


6. Flip-flop dabanly tüfliler - XVII asyryň labutenlary. Köwşüň ökjesi şol döwürler üçin belendräk bolandygyna görä ol iň soňky moda görä geýinýänler üçin bolupdyr.


7.Hammam sabolary öl polda ýykylmazlyk üçin geýlipdir we eýesiniň ýokary statuslydygyny görkezipdir. Ýöräniňde tyrkyldaýandygy üçin olar "kabkab" adyny alypdyr. 1800-1850-nji ýyllar, Türkiýe.


8. Eliň aýasyna sygjak tüfli-lotoslary hytaýly aýallar geýipdir. Hytaýlylarda aýallaryň aýagynyň tebigy ululygy gelşiksiz hasaplanypdyr we aýaklary ösmezligi üçin çagalykdan daňylypdyr. 1800-1943-nji ýyllar, Hytaý.


9. 200 ýyl mundan ozal aýallar diňe gapdal eýere münüpdirler, ýogsam bu biabraýlyk hasaplanypdyr. Aýakgap görnüşindäki aýlawlar bolsa, aýagyňy goýmak üçin ulanylypdyr. XVIII asyr, Peru.


10. Mançžuriýalylaryň platformaly-tüflileri. Olar aýallarda asyllylyk döredýär diýlipdir. Tüflini gymmatbahaly daşlar bilen bezäp, başardygyňdan görkezmek däp bolupdyr.1800-nji ýyllaryň ortalary, Hytaý.


11. Jaňjagazly sabo öýde geýmek üçin niýetlenipdir. Siriýa göçüp giden ermeni aýalyna degişli bolan nusga, XIX asyryň soňlary.


12. Uzyn ädikler. XIX asyryň soňlary, Şwesiýa ýa-da Germaniýa.


13. Geň görünse-de, bu-da aýakgap. Bu agaç sandaliýalary, Witularyň soltany Fumo Omarinyňky bolan bolmagy ahmal. XIX asyr, Keniýa.


14. Klomplar - gollandlaryň milli agaçdan ýasalan aýakgaby. Käbir fermerler we bagbanlar olary häzirki döwürde-de geýýär. 1948ý, Niderlandiýa.


15. Içigi - deriden edilen we ýuka dabanly ädik bolup, aýallara we erkeklere öýde geýmek üçin niýetlenipdir. 1900-njy ýyllar, Gazagystan.


16. Inçejik altyn sapak bilen nagyşlanan mokassinalar. 1900-1930-njy ýyllar, Päkistan.


17. Erkekler şeýle sabolary agajyň uly böleginden oýup ýasapdyrlar we gelinliklerine wepalylygyň nyşany hökmünde sowgat beripdirler. Aýakgabyň ujy näçe uzyn bolsa, şonça-da duýgylar güýçli hasaplanypdyr. XX asyryň başlary, Fransiýa.


18. Fransiýanyň iň meşhur ädikçisi Žan-Lui Fransua Pinenyň elde nagyşlan ädigi. XIX asyryň soňlary, Fransiýa.


19. Erkekleriň toý ädikleri. Günorta Morawiýa (Çehiýanyň çäkleri).


20. Ullakan pomponly sandaliýalar - waýýu taýpasynyň ýagny, Demirgazyk Wenesuelanyň we Kolumbiýanyň ýerli halkynyň milli aýakgaby, 1980ý.
23
262
Shining ✨
11 Fewral 2023
N(7) stul-a derek gowy eken😊 täsin,hem gyzykly.Olia minnetdar.👍🏻
ideallider
26 Yanwar 2023
Türkmenleriňki ýok elenweli, gadymyýetde türkmenler başgalaryň köwşlerini görenlerinde "Toba-toba" diýip gezipdirler. Hatda şuwagtlar hem😄👍
Relax
26 Yanwar 2023
olia,şoda o wagtlar agac blen demir bar birem deri şondan ederlerda onsañ))
olia
26 Yanwar 2023
Relax,koneçno elinde bar zatdan edilýädä🤷
Lilia_
26 Yanwar 2023
Täsin eken. Gowy post
Relax
26 Yanwar 2023
Hazirki kowisler rezin yenil yumsak owagtlar plasmas yok şondandyr))
olia
26 Yanwar 2023
Muň soňunda posledniý moda diýip häzirki döwürden biri ýarymyny goýmaly ekenim😁
olia
26 Yanwar 2023
yakup allabayew,geýendirlerem nm🤷 köwüşsiz gezendenä gowy😅
yakup allabayew
26 Yanwar 2023
Gaty geñ galdym çyndanam şeýdip geýäýdilermikän
olia
26 Yanwar 2023
gul_,😁😁😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.