BaýramBejidow
26.01.2023 00:06
Ýoklugym barlygña sebäp,
Bahana kän şatlanara,
Bir gün saña ajy bolar,
Menli, süýji ýatlamalar.

Durmuş ýene dowam eder,
Gün ýitmez, inmez asmanam,
Ýöne şeýle bir gün gelip,
Ýer galmaz aýak basmana.

Gutarar dünýäñ gyzygy,
Ýyly bermez gyzgyn mähir,
Belki bolmaryn dünýäñde,
Doganynda şeýle säher.

Gitsem, dolamaz hiç bir zat,
Öwezim dolsa-da özge,
Ömrümi kerten kinelem,
Saklar, senli günden üzge.

Galgadyp gussañ harpygyn,
Dymaryn, giderin nemsiz,
Zyñyp duýgylañ artygyn,
Ýaşap başararyn sensiz...

Awtory: Baýram Bejidow
15
90
Myhman Myhman
27 Yanwar 2023
Dadyp yorin ajylaryn tagamyn saylamadym seretmedim dasyna ejizlikden dolup gitdi damagym soygu diyip basypdyryn yasyla
Myhman Myhman
27 Yanwar 2023
Dadyp yorun ajylaryn tagamyn
Myhman Myhman
26 Yanwar 2023
Bayram nirdenay jigim sen
melek06
26 Yanwar 2023
👍🏻.......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.