sahyrlar_we_men
24.01.2023 22:33
Atajan Annaberdiyewden...

Altyn gapylynyñ işi düşende, agaç gapyly gapysyny täzeledyär.

***

Ýeke özüñ bagtly bolup bolanok.

***

Diñe adam hünäri däl, hünärem adamy saýlaýar.

***

Baky däldigiñi bilýäniñ üçin oñat işleri etmäge gyssanmaly.

***

Uly şahyrlary söyyänleriñ hiç biri hem okaryñ täleyini arzuw edýän däldir.

***

Başyñy belent tutsañam päliñi pes tutmaly.

***

Kemine ýaly şahyrlar: "Çöp basan, çör basan aýajyklaryñdan..." diýsede gelşip dur.

***

Söýgi akylyñ däl, duýgyñ önümi.

***

Hiñlenip oturan aýdymy özüne aýdyp berýär.

***

Alyñ ala meýdanyna çykansoñ, özleşdiribermeli.

***

Ir bilen gelen işiñden goýar.

***

Tanatmaýan talant hakyky däldir.

***

Diñe özüñ üçin edilen işiñ sogaby ýok.
13
163
💎💎Tylla💎💎
25 Yanwar 2023
Soygu akylyn dal Duygun onumi 👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻gowy sozler
sahyrlar_we_men
24 Yanwar 2023
ideallider,+
sahyrlar_we_men
24 Yanwar 2023
Relax,+
Maýa06
24 Yanwar 2023
╱╱┏╮╱╱╱╱╱╱╱╱╱╱
╱╱┃┃╱╱┳╱┓┳╭┛┳┓
▉━╯┗━╮┃╱┃┣┻╮┣╱
▉┈┈┈┈┃┻┛┛┻╱┗┗┛
▉╮┈┈┈┃▔▔▔▔▔▔▔▔
╱╰━━━╯ gowy sozler eken:)
okayjy
24 Yanwar 2023
Ýeke öziñ bagytly bolup bolanok...👍
ideallider
24 Yanwar 2023
sahyrlar_we_men, hünäriň üçin il tanamasa hünäriň hakykydäl bolaýmasa
sahyrlar_we_men
24 Yanwar 2023
Relax,seyle ôydyän. Anyk düsünesim geldi-dä.
Relax
24 Yanwar 2023
sahyrlar_we_men, onda talandyñy ile bildirmeseñ peýdasy ýok diýmekda🤔
yakup allabayew
24 Yanwar 2023
👍👍👍 manyly sözler
sahyrlar_we_men
24 Yanwar 2023
Relax,menä basgaça düsündim: men gosgy yazyanymy ilden giçläp yörsem menki hakyky talant däl.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.