Talap etmeseler, özüňi aklajak bolup oturma.Eger talap edäýselerem, öte özüňi aklajak bolmak jenaýatçylygy boýun aldygyňdyr.Öňünden ötünç soramak - özüňi günälemek. Tut ýaly janyň sagka özüňe gan goýberseň, ne keseliňe, ne dostlaryňa haýyr etdigiň. Öz mamladygyňy wagtyndan ir subut edip, irkilip ýatan müňkirligi oýararsyň.Paýhasly adam ömür-ömürem özüne müňkürlik etdirmez, müňkürlik etseler, onuň äsgerilmedigi bolar: ýok, ýok, ol şol müňkürlikleriň hemmesini öz kemsiz-kössüz hereketi bilen duw-dagyn etmäge çalşar.