sahyrlar_we_men
22.01.2023 08:07
On ýedi ýaşym

Güýlidim men agyr işden gorkmazdym,
Ýer ýarylsa asyllara ürkmezdim,
Kimligimi on ýedimde görkezdim,
Ile tanatdyran on ýedi ýaşym.

Kiçä kiçi ýaly jogap agtardym,
Ula uly bolup, jogap gaýtadym,
Ýalançy däl...Diñe çynym aýdardym,
Sözlämde dil tapan on ýedi ýaşym.

Tanadym bu ýaşda ýakyny-ýady,
Saýgardym gijeler garany-agy,
Saýgardym ýörände ýoldaşy-ýary,
Yörände ýol tapan on ýedi ýaşym.

Ynha, indem, kämillige garadym,
Onýançada bi:lim berkje saradym,
Goşgy ýazmak, bolsa meniñ senedim,
Ylham alyp gelsin on sekiz ýaşym.
11
69
sahyrlar_we_men
22 Yanwar 2023
Guzela✔,sag boluñ.
sahyrlar_we_men
22 Yanwar 2023
Birinji setriñ birinji sözi (güyçlidim) bolmaly.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.