Gabansam... gabandyrýansyñ.
Diýmek señ özüñ günäkär.
Men seni yzarlap ýören
Yşk bolup işleýän (bikär).
Name üçin düşünmeýäñ,
Gabanmazça ýigitmi sen?
Muşdaklaryñ kän ahyry
Olar ornum aljakdan meñ.
Onsañ neneñ gabanmaýyn
O:tly körügim ýandyrsa.
Gaharlanan bolan bolýañ
Gabanýanymy añdyrsam.
Eger elimde bolsadyñ
Başgaça bolardy bar zat.
Seni yşgym bilen gulplap
Hiç haçan etmezdim azat.