ylham_gurbanaly
21.01.2023 01:18
Bähbidiňe hata gitdiň
Çendenaşa ötä gitdiň
"Sag-sag" diýip ötägitdim
Bar bileni çep bolansoň

Çekiç ursa-diýdi teşe
Ýalanlary boldy neşe
Şonuň üçin gybatkeşe
Ýanaşmadym gep bolansoň

Özün magtap ýan bermese
Kemin aýtman, hal görmese
Dymdym şeýdip kän gürlese
Diýjeklerim çöp bolansoň

Ýazdym şugün, öten hakda
Işgär, işçi ýatan hakda
Köp ýazmadym Watan hakda
"Watansöýji" köp bolansoň

Aýralygyň güli solsun
Ýalňyzlygyň soňy bolsun
Besdir inni ýürek gülsin
Gam-gussalar dep bolansoň

Ogluň şahyr däldir eje
...Wah, şonsuzam kändir eje
Ýazyp ýörün men diňeje
Köpüsine nep bolansoň...


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
23
160
Myhman Myhman
24 Yanwar 2023
👍 muňa goşgy diýseň bolar
jemal_seyitniyazowa
21 Yanwar 2023
Maladess
k_25n
21 Yanwar 2023
a tuweleme 👍 men kanbir gosgycy dal yone su gosgyna haladym
violinist
21 Yanwar 2023
Ýeri))👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.