jemal_seyitniyazowa
20.01.2023 15:17
Dowamy.

Kakasynyň täze durmuş guran gyzyna nesihaty.

Söýgüli gyzym, Melikäm!
Bu gün ojagymyzdan uçduň. Indi öz öýüňi gurmaly wagty. İnşaAllah bagtly bolarsyň. Bagtly bolmagyňa menem biraz kömek edeýin diýdim bir kaka bolup saňa nesihatlarym bar.
Bulary saňa aýtmak isledim ýöne "Söz uçar, ýazgy galar..." diýýärler.
Galmagyny isleýänim üçin ýazmaga karar berdim.
Belki diýersiňem "Kaka seniň ejem bilen gaty bagtly durmuşuň bardymy maňa nesihat edýärsiň?"
Bilýärin gyzym, ejeň bilen bagtly durmuşumyz ýok, iň soňy şol sebäpden ýazýaryn saňa.
Biz ejeň bilen bir-birimize aşyk bolup toý edipdik:
Emma söýgümiz uzak ömürli bolmady.
Menem ejeňem ýalňyş etdik.
Bu söýgüniň näme üçin gutarandygyny, näme üçin söýgüsiz bir durmuşa özümizi itekländigimizi men aýry düşündirýärin, ejeň hem özüne görä düşündirýär.
"Gyzlar ejelerine meňzär." diýýärler.
Meni ejeňden sowadan ýalňyşlaryny ýazýaryn sen hem şol ýalňyşlary etme. Çünki sen bir zenan bolup erkekleriň nämelerden gaty görýändiklerini bilip bilmersiň.
Bu sözlerim gulagyňda galsyn.
Erkegi, iki zat gaty ynjydar.
Birinjisi: Gelini tarapyndan sylag görmezlik, adam ýerine goýulmazlyk erkegi gaty ynjydar we gelinine bolan söýgüsini gutarar. Gelin ýoldaşyny öýüň hojaýyny hökmünde däl-de terbiýe edilmeli çaga ýaly görüp tankyt edip, gygyrsa ýagny bir erkegiň erkek bolmagyna rugsat bermese bularyň aralarynda muhabbet bolmagy mümkin däldir. Seresap bol gyzym, ýoldaşyňa sylag görkez ol hem saňa söýgüsini görkezsin.
İkinjisi: Bir zenan ýoldaşynyň maşgalasyny halamaýan we bolsa hormat goýmasa erkek gaty ynjydylar.
Janym gyzym, ýanýoldaşyň maşgalasyna sylag görkez we olary söýmäge gaýrat et.
Arkalaryndan gürrüň etme. Ýalňyşlary, elbetde bolar, hemmämiziň ýalňyşymyzyň bolşy ýaly.
Ýalňyşlaryny pikir edip, gözüňde ulaltma.
Hiçbir erkek "Seni gowy görýärin ýöne ejeňi halamok..." diýýän bir zenanyň söýgüsiniň hakykatdygyna ynanmaz. Zenanlaryň köpüsi bu sözler bilen ýoldaşyna beýan etmesede ýoldaşlaryna ejesini halamaýandygyny her sebäp bilen aýdarlar. Bir erkege "Ejeň gybatçy, ejeň görüp, ejeň arkamdan gürrüň edýär, ejeň arassaçyl däl..." diýilse erkek üçin "Sen gybatçy, erbet zenanyň erbet oglusyň..." diýmekdir.
Erkekler muny "Sen erbet zenanyň gowy oglusyň..." diýip pikir etmezler
Erkekler goragçydyr. Watany maşgalany goramak biziň borjumyzdyr. Diňe gelnimizi we çagamyzy däl; ejemizi we gyz jigimizi goramak isläris. Ýoldaşyň ejesi hakynda diýjegiň her erbet söz; ýoldaşyň ýüregine atdygyň ullakan gurşundyr.
Ol gurşun ýüregini ganadar, içini syzladar. Gurşunyň yzlary köpeldikçe ullakan bir ýara öwrüler. Ol ýaraly ýürek bilen seni nähili söýmegine garaşarsyň?
Erkegiň ýüregi zenanyňkydyr, zenanyň ýüregi bolsa erkegiňkidir.
Ýoldaşyň ýüreginde seniň söýgüňi göterýäni üçin ol ýürek saňa degişlidir.
Ol ýüregi ynjytma, ýaralama, gowja seret we söýgiňiz zyýan görmesin. Ýoldaşyňa ejesiniň ýalňyşlaryny görkezmek isleseň boş zatlar bilen onuň ýüregini ynjytma. Zenanlar pikir ederler bir erkekler ejelerimiziň ýalňyşlaryny görmeýäris.
Ýöne ejelerimiziň bütin ýalňyşlaryny görýäris: emma gelinlerimize aýtmak bize agyr düşer.
Ejemiz bizi kiçikäk gorap goldan bolsa biz hem ony goramak isläris. Ine şu sebäpden hem bir gelin gaýnynyň ýalňyşlaryny aýtsa erkek ýalňyşlaryny bilsede ejesiniň tarapynda durar.
Gaýynyň seniň arkaňdan gürrüň etsede sen onuň üçin bir zatlar diýme gyzym. Bir birini ýamanlaýan iki zenanyň arasynda galan erkek has köp ejesiniň tarapynda bolar, oňa ynanar. Onuň bilen gany  birdir uzak geçmişi bardyr. Ony dünýä indiren, ulaldan, terbiýelän ejesine tarap arkasyny öwürip gelininiň ýanynda ýer almak islemez. Akylly bir zenan hiç wagt ýoldaşyny ejesi bilen öz arasynda goýmaz.
Ýoldaşyňa ejesiniň ýalňyşlaryny görkezmek isleseň oňa ejesini öw, ejesi hakynda gowy zatlar aýt.
Meselem ejesi: "Gelniň erbet, tertipsiz..." diýýär, sen "Ejeň gaty gowy bir zenan, ony gowy görýärin" diýýärsiň.
Nähili pikir eder erkek? "Gelnim gaty gowy bir zenan, diýmek ejem ony gysganýany üçin arkasyndan gürrüň edýär".
Şeýdip ejesi sen hakynda näme diýse diýsin ýoldaşyň oňa ynanmaz, tersine, gowy görýäniň üçin seni goldar.
Ine şeýle owadan gyzym
Ýoldaşyň maşgalasynyň erbet gürrüňini etme.
Söýgüňize öz eliň bilen zyýan berme.
Gaýynyň näme etse etsin, sen dogry hereketiňi görkezseň agzybirligiňize kölege hem düşmez.
Gelinler kömek etmese gaýynlar öýlere zyýan berip bilmezler.
Ýoldaşyň bilen dawalaşsaň maşgalasyny araňyza goşma. Maşgalalarymyz biziň gowşak tarapymyzdyr.
Olara güýjümiz ýetmez, islesek de üýtgetmeris olary.
Bu sebäpden ýoldaşyňy hiç wagt gowşak tarapyndan urma we seni ýigrenmesin.


Söýgüli gyzym Melikäm.
Meniň saňa aýtjaklarym şulardan ybarat.
Sözlerimi okap geçme, bu sözlerde ýyllaryň tejribesi bar. Bulary ejeňe aýtmadym, biz bagtly bolmadyk; ýöne sen düşün we bagtly bol gyzym
Seni gowy görýän kakaň.


Melike, elinde hat uzyn uzyn pikir etdi.
Haty iki gezek gaýtalap okady.
Soňra gitdi, ýoldaşynyň gylagyna "Bu günki düşünşmezligi gaýtalamarn we 'söýýänimi dünýä indiren zenana' gowy hereket etjegime söz berýärin." diýdi.
Oňa tarap öwrülip sereden ýoldaşynyň gözlerinde gören söýgüsinden dünýäde hiç bir zadyň gymmatly bolmajagyny pikir etdi.

Sema Maraşlı "Tatlıya Bağlıyalım" kitabyndan...

Türk dilinden terjime eden: Jemal Seýitniýazowa...♡
23
396
alma
31 Mart 2023
Cowy maslahat.
Myhman Myhman
19 Mart 2023
Ellerine guller bitsin. Kop kop sag bolun seyle postlar paylasanynyza
Myhman Myhman
23 Yanwar 2023
Gaty gowy manyly.
melekkk.99
21 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa,gowy bolupdyr yerine dusen maslahat kabir hojalykda eje kaka gyzynynky yalnysam bolsa dogry dp masgala yykyalar
jemal_seyitniyazowa
21 Yanwar 2023
dusia_maksatmyradowna,Crazy, begendim 🙂
Dusia
21 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa, minnetdar paýlaşanyňa meniň üçin örän gereklidi 🙂
jemal_seyitniyazowa
20 Yanwar 2023
gul_, nesip bolsa bolar
jemal_seyitniyazowa
20 Yanwar 2023
Bitter, hemme kaka aňsat bular ýaly nesihat bermez häzir 🙃 okanyňyza begendim👍🏻
Myhman Myhman
20 Yanwar 2023
Gaty gowy maslahat
jemal_seyitniyazowa
20 Yanwar 2023
Relax, howa olam ba
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.