Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz.
Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da,
Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz.
Okuwdan soň baha sanaşygynda
Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz.
Söýginiň deregin basdaşlyk tutup,
Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz.
Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm.
II
Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy.
Emma zalym uruş ara düşdi-de,
Herimizi bir gapydan çykardy.
«Söýýän!» sözün sözlemäge ýetişmän,
Çykdym ýaş başymdan nan gözlegine.
(Eneň, jigileriň aç burlup ýörkän,
Nädip seredersiň gyz gözlerine!)
Şeýdip geçip gitdi jahyllyk döwrüm.
III
Ýigitlik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
(Agyr günler bolsa bolupdy tamam.
Ýeňiş nury bilen ýagtylan sözler
Biziň öýmüze-de beripdi salam).
Emma ol söýgimem başa barmady.
Ýene asgyn çykdym oýnan oýnumdan:
Ýeri, söýýäniňi aýdyp bilmeseň,
Kim samsyk aslyşar seniň boýnuňdan!
Şeýdip geçip gitdi ýigitlik döwrüm.
IV
Dälilik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Diýse-de babalar: «Sagynýança sag,
Däli iki gezek öýär ogluny!»
Ne-hä däliligim eçildi sylag,
Ne-de sagatlygym...
Sylaga derek
Ullakan bir synag holtumyn açdy.
Diýdiler: «Kyrk halat,
kyrk müňem manat!»..
Şeýdip akyl berdi dälilik döwrüm.
Jübimi çöwürdim: kyrk köpük gaçdy.
V
Kämillik döwrümdi. Söýdüm bir gyzy.
Günde bir görmesem karar tapmadym.
Iki görsem, üç görmegi arzuwlap,
Üç görsem, dördünjä arzuw topladym.
Soýdüm, söýdi... Emma weli sizi-de
Unudyp bilmerin başky söýgüler.
Mahal-mahal sizi ýatladygymça,
Siziň joraňyza söýgim beýgeler.
Şeýdip geçip barýar
kämillik döwrüm.