Kakasynyň täze durmuş guran gyzyna nesihaty.
Gelinalyjyda hamala jynaza howasy bardy.
Gelin we oglanyň ikisi hem hiç hili gürlemän otyrdylar. Toý ýaňyja gutaryp, öýlerine barýardylar. Ulagda oturýançalar toýlarynda ikisi hem zordan ýylgyryp gezipdiler.
Indi bütin ysgynlary gaçypdy.
Ýogsam bu güne kän garaşypdylar.
Iki ýyl bolupdy tanyşanlaryna.
Gowy görýärdiler bir birlerini.
Toý günleri ömrünüň iň şatlykly güni bolar diýip pikir edipdi Melike. Bu sebäpden bu güni burnundan getiren gaýnyny bir çemçe suwda bogmak isleýärdi.
Gaýyny hiç kimi diňlemän, amatly bolsun diýip öz isleýän toý mekanyny tutupdy.
Toý mekany myhmanlar üçin kiçi geldi, aýak üstünde duranlar bolupdy.
Melike we ejesi "Ile güne ýüzümiz gyzardy!" diýip gaty gaharlanypdylar. Melike toý dowam edip durka diline almasa Abdylla üçin problema ýokdy.
Eje kakasy aýakda duranlar üçin stol stul getirdip sazlaşdyrýardylar.
Toý gutaranyndan soň Melike toý mekanynda eje kakasy bilen sagbollaşdy. Ejesiniň ýüzi gaty gaýgylydy. "Gowy görýän, aşyk boldum diýmeseň men bu husytlara gyz bererdimmi?" diýip hüňňürdedi. Melike näme diýjegini bilmedi. Kakasy hiç kime görkezmejek bolup eline bir kagyz bukjasyny gysdyrdy. "Muny öýüňe baryp hökman oka." diýip egilip gulagyna pyşyrdady.
Melike kagyz bukjasyny sumkasynyň içine saldy.
Öýe barýançalar ikisi hem gürlemedi.
Öýe gelenlerinde Abdylla açary çykardy, açary gapyda goýdy ýöne gapyny açmady.
Öwrüldi. Melikä seretdi:
"Gelinim gel şu wagtdan şeýläk bütin erwetlikleri daşarda goýaly we öýümize iki söýgüli bolup gireli.
Bolup geçen zatlar bizden has möhüm däl." diýdi.
Melike "Bolýar..." diýip bilmedi.
Toýuň dowamynda içinde birikdirip aýdyp bilmedik zatlary bardy. Olary Abdyllaha aýtman rahatlap bilmezdi.
"Seniň üçin diýmesi aňsat..." diýdi.
"Toýum burnumdan geldi. Elbetde ejeňem edenlerini eştmek islemeýärsiň. Mundan beýläk ejeňi hiç hili görmek islämok."
" Ol toý meniňem toýumdy, sen gynananyň üçin meniňem burnumdan geldi...
Näme edeli, bolup geçdi. Bularyň hemmesini daşarda goýaly diýip saňa gül uzatýaryn."
Melike: "Gapyny aç, men gaty ýadow, aýakda durup bilemok." diýdi.
Abdylla oňa garşylyk: "Bolýar, men hem ýadadym, bu agşam toýa degişli hiç bir zat diňlemek islämok, ertir gürleşers." diýdi.
Öýlerine girdiler we hiç hili gürleşmän sessizje ýatdylar. Bir birleriniň ýüzüne seretmegem islänokdylar.
Gaty ýadow bolsalaram ukulary tutmady eýläk-beýläk öwrülip durdular.
Melikäniň aklyna kakasynyň beren kagyzly bukjasy geldi.
Ýerinden ýuwaşjadan turup sumkasyny alyp oturulýan otaga geçdi.
Kagyzly bukjany açanynda içinde bir kagyz bardy.
Kakasy oňa hat ýazypdy.
Bilesi gelip derrew okamaga başlady.
Dowamy bar...♡