Herkimiñ öz zehini bar,
Del miwäni ýolup bilmen,
Ýa-da metafora çümüp,
Gurbannazar bolup bilmen.
Ylgasagam uýup teññä,
Ölüm herne deñlik hemmä
Dert beren, dermanyn emlär,
Ile azar bolup bilmen.
Añzakda üşan köñlümiñ,
Unutdym bilip ö:ñlügin,
Duýup göwnümiñ kemligin,
Kalba y:za salyp bilmen.
Geýip hyýaldan köýnegi,
Ýalñyşmy, Jandan söýmegim?,
Parhy nä, ýanyp-köýmegiñ
Başa güzap alyp bilmen.
Haram geýip, haram iýip,
Şerap içseñ göçer keýip,
Ynandyrmañ ,,geçer" diýip,
Men täzeden dogup bilmen!.
2015ý.
Awtory: Baýram Bejidow