Ýylan zäherini içmek ýa-da iýmek zyýanly däldir, sebäbi belok tebigatly toksinler aşgazan kislotalary we iýmit siňdiriş fermentleri tarapyndan dargadylýar. Olar belok tebigatly zäheri zyýansyzlandyrýar we aminokislotalara bölýär. Şeýle-de bolsa, toksinler göni gana goýberilse netijeleri ölüme sebäp bolýar. Umuman,ýylanlaryň zäherliligi näçe ýokary bolsa, zäheri az bölüp çykarýarlar. Ýylan zäheriniň iň erbet täsiri gan basyşynyň peselmegi hökmünde görülýär. Adatça ähli ýylan görnüşlerinde duş gelýän fosfalipaza A2, gyzyl gan öýjükleriniň gemolizine sebäp bolýar we sebitdäki myşsa öýjükleriniň ölümine getirýär.
Aslynda ýylanlar daşky gurşawa we tebigata peýdaly janly-jandarlardyr. Olar mör-möjek we syçan ýaly gemrijileriň sanyny deňleşdirip, keselleriň köpelmeginiň we ekinleriň ýok edilmeginiň öňüni alýarlar. Häzirki wagtda ýylan zäherini saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem giňden ulanylýar...