ylham_gurbanaly
19.01.2023 16:32
Görülmedi öňler beýle ahwalat,
Geçdigiçe günler geň bolup barýar
Barlyňky bolup dur, şol öňki halat,
Misgin haly barha teň bolup barýar

Bir agza birikmez hemme başlaram
Ýat bolup bilenok hemme daşlaram
Düýnki önüp-ösen emmedeşlerem
Bugün bir-birine jeň bolup barýar

Ählisi şowuna, işleri oňan
Keýpleri asmanda, kelleler doňan
Etjek işin edip, bolansoňlaram,
Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar

Geljegim diýe guwanyp ýöräni
Belli bolman galdy, nirden döräni
Sylaman ösdüren ata-enäni
Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar

Ynsanýetiň beýik serhetin bozup
Baýamak islegi, möwç urýa, ozup
"Sagbolsun" gezip ýör gabryny gazyp
Imansyz wyždanlar leň bolup barýar

Şükür, aýdym-saza bolçulyk geldi
Daş alyp zyňaýsaň aýdymça degdi
Herkim bir notany üýtgedip indi,
"Awtorlyk" aýdymlar heň bolup barýar

Gowluga gidenok hemmeleň başy
Erbetlik gurşaýar töwerek-daşy
Özün görkezip bir kelleliň boşy,
Bolgusyz zat etse, ýoň bolup barýar

Her näme bolsa-da gowluga ýanaň
Şer işi ýok edip, haýyry sanaň!
Entek wagty däldi Ahyrzamanaň
Bolmaly wagtyndan öň bolup barýar


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
18
142
Myhman Myhman
21 Yanwar 2023
👍👍👍 gaty gowy
ylham_gurbanaly
19 Yanwar 2023
gul_, aý, içini sowadypdyr kimem bolsa, 20den köp dislike basyp)
ylham_gurbanaly
19 Yanwar 2023
okayjy, arasynda öňkileri dörjeşdirip durýan)
💎💎Tylla💎💎
19 Yanwar 2023
Manyly 👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
okayjy
19 Yanwar 2023
Goşgy...👍. Näme üçin öñki goşgulary goýýañ...🤔. Täze düzeñokmy indi..
ylham_gurbanaly
19 Yanwar 2023
Üns bermez diýip, aşaky postlara dislike goýyan "gadyrdan myhmanjan". Baş üstüne bulara-da goýuber.) Men öňem aýtdym. Like üçin zat goýamok.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.