ylham_1989
19.01.2023 14:45
KIMSÄNIÑ BAGTY



Eý peri yşk oda salma gözlermi,
Bilmenem sen gözel, kimsäniň bagty,
Yürek gan içinde, goýduň bu jany,
Bilmenem bu kalbyň, kimsäniň bagty.


Salymdyr bu dünýä, düýnki günle ýok,
Zalymdyr bu dünýä, ötseñ gelme yok,
Durmuş bu oýundyr, ömür durma ýok,
Bilmenem bu dünýä, kimsäniň bagty.


Sen bir yaňy biten, akja enaý gül,
Solmagyn tikende, her gün çümer til,
Yalñyşma durmuşda, ykbal ýoluñ bil,
Bilmenem bu zülpüň, kimsäniň bagty.


Bu gün ay bolsañda, ertir gün çykar,
Bu gün baý bolsañda, ertir han çykar,
Bahyllar birleşer, harasat gopar,
Bilmenem bu tagtyň, kimsäniñ bagty.

Göze dile düşme, ýaman düşersiň,
Gargynma hiç kime, ýaman bişersiń,
Yaman bolup gezme,ýeke galarsyň,
Bilmenem ýalňyzlyk, kimsäniň bagty.


Bir gün gamgyn bolsam, ertir şadyýan,
Bilmedim niçikdir boldum men gümran,
lImyrat diýip men, ýazýaryn her ýan,
Bilmenem bu sözler, kimsäniñ bagty.


Ilmyrat Annasähedow.
20
136
ylham_1989
19 Yanwar 2023
Aynashka,💎💎Tylla💎💎, minnetdar👍🏻
💎💎Tylla💎💎
19 Yanwar 2023
Gowy 👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Aynashka
19 Yanwar 2023
Gowy goshgy❤❤❤❤👍👍👍
Myhman Myhman
19 Yanwar 2023
Oran gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.