butterfly
19.01.2023 14:03
Dünýädäki iň uly ösümligi tapyldy.

Onuň ýaşy 4500 ýyl diýlip kesgitlenýär we onuň ululygy 20000 futbol meýdançasyna deňdir.

Dünýäniň iň uly ösümligi Awstraliýanyň kenarlaryndan tapyldy. Ýeke tohumdan ýaýrandygy mälim edilen bu ösümlik 20000 futbol meýdançasyny tutýar. Alymlar genetiki synagdan peýdalanyp, Günbatar Awstraliýadaky uly suwasty çemenligiň hakykatdanam bir ösümlikdigini kesgitlediler.

Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň alymlary deňiz ösümlikleriniň takmynan 200 inedördül kilometre barabardygyny habar berdiler.

Awstraliýanyň kenarlarynda köplenç duş gelýän görnüşleriň genetiki dürlüligine düşünmek üçin ýola çykan topar Pertiň 800 km demirgazygynda ýerleşýän Şark aýlagynda şeýle ösümligiň üstünden bardylar.
17
198
ideallider
19 Yanwar 2023
Ösümligiň ady ýokdymy!?🙄👍
butterfly
19 Yanwar 2023
okayjy,seyle oytyan😁
okayjy
19 Yanwar 2023
Suwuñ aşagyndamy...🤔👍
Aynashka
19 Yanwar 2023
👍👍👍👍tasin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.