Adatdan daşary aýaz Yssykkölüň suwuny doňdurdy.
Gyrgyzystandaky adatdan daşary aýazly howa netijesinde ýyly suwly Yssykköl doňdy. Kölüň ady terjime edilende, «yssy köl» diýmegi aňladýar. Emma indi dünýä belli suw howdany doňdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Kölüň kenarýakasy buz bilen örtüldi, onuň galyňlygy birnäçe santimetre ýetýär. Emma jahankeşdeleri bu garaşylmadyk ýagdaý birjigem geň galdyrmaýar, olar köli görmek üçin ýörite gelýärler.
Ýerli ýaşaýjylar Yssykköli hiç wagt beýle ýagdaýda görmändiklerini gürrüň berýärler.
Yssykkölüň suwy düýbünde gyzgyn suwly çeşmeleriň bardygy üçin hemişe mylaýymdyr. Emma 30 gradus derejedäki aýazly howa üstün çykdy.
Alymlar köle süýji suwly derýalardan buzuň aralaşandygyny, munuň kölüň suwunyň doňmagyna eltendigini aýdýarlar.