ylham_1989
18.01.2023 00:46

Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar



Janly ýa-da ýaşaýan daşlar diýlip atlandyrylýan «trovante» daşlar, Rumyniýanyň paýtagty Buharestden 80 km günbatarda, Kosteşti atly kiçijik rumyn obasynda ýerleşýär.

Bu täsin daşlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda takmynan 5 santimetr ulaldy. «Trovante» daşlary ösümlik we süýdemdirijileriň durmuşyna meňzeýän özboluşly mineral gurluşlara eýedir. Bu daşlar ösümlik dokumasy ýaly ösýär we süýdemdirijiler ýaly köpelýär.

Rumyniýanyň geologiýa instituty, bu daşlaryň hersiniň dürli ýaşlarynyň bardygyny, tebigy ygallaryň hasabyna wagtyň geçmegi bilen ösýändigini belleýär.

Beýleki tarapdan, «trovante» daşlary düzümindäki minerallaryň hasabyna täsirleşme geçirip köpelýärler. Daşlar kesilende gatlaklar ýüze çykýar we olaryň her biri aýratynlykda ösmäge başlaýar.

«Trovante» daşlary ylmy taýdan janly bolmasalar-da, ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar wagtyň geçmegi bilen üýtgeýänligi sebäpli olary janly daşlar diýip häsiýetlendirýärler. Beýleki tarapdan, Kosteşti obasy «trovante» daşlarynyň bar bolan ýeke-täk ýeri däl. Bu daşlara Rumyniýanyň Karpat sebitinde hem duşmak bolýar.

Köpelýän, ulalýan we hereket edýän daşlar diňe Rumyniýada bar. Şol sebäpli hem bu daşlar 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi we häzirki wagtda goralýar.
20
299
Myhman Myhman
20 Yanwar 2023
👌👌👌........
Myhman Myhman
19 Yanwar 2023
Bir üýşmeleňde menem eşitdim
k_25n
18 Yanwar 2023
merjen daslary 🤔
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺, bolýa sorajagam däl eýle bolsa tabşyrmak goý :))
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺,👍🏻🙋🏻‍♂️
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺, tel alansoñ habarlaşarys onda😁
ylham_1989
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺,Govmy yagdaylan jan saglyk bamyn yitip gitdina
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺,bolýa onda Aýnadan sorap taparyn seni😁
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺,bolýa senem sag aman gez🙋🏻‍♂️
Relax
18 Yanwar 2023
Zümerret🌺,@gmailymy bilýäñä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.