TUTANÝERLILIGIÑ GÜÝJI .
***
Meseläňiz çözülýänçä we kynçylyklar ol ýerden aýrylýança ikirjiňlenmän ýöräň .
Norman Winsent Piýel .
***
Dünýä üçin duş bolan galagoplugyň dälde , gämini kenara getirip getirmedigiň gyzykly .
Wilýam Maksi Fee .
***
Gazananyňa degýän bolsa , garaşanyňada deger .
Wilýam Şekspir .
***
Iň uly kemçiligimiz , aňsat dänmegimizdir .
Üstünligiň iň rahat ýoly — hemişe ýenede bir
gezek synanyşmakdyr .
Tomas Edison .
***
Maksada golaýlaşdygyňça , kynçylyklar artýandyr .
Gýote .
***
Tutanýerlilik ynsanyň iň uly kömekçisidir .
Hezreti Aly .
***
Pessaý we üznüksiz ýöreýän üçin uzak ýol
ýokdur .
Jeande La Bruýere .
***
Umytsyz tarapa gitme , umyt bardyr ,
Garaňky tarapa gitme , ýagty bardyr .
Möwlana .
***
Käbir ýeňlişleriň sebäbi işleriň orta ýolda
taşlanýanlygydyr . Şonda adamlar özleriniň
üstünlige näderejede ýakynlandyklaryny hem
duýmaýalar .
Tomas Edison .
***
Bir işi etmekden ýadamasaňyz netije şowly
bolar .
Napoleon Hill .
***
Siz gijä galdygyňyzça , döwür has çaltlaşar .
Seneka .
***
Sabyrdan we wagtdan güýçli zat ýokdur . Bular
hemme zady amal edijilerdir .
Lew Tolstoý .