ylham_1989
17.01.2023 16:19

Gahara munme

Adamlaryñ, gepi-sözi köp bolar,
Çenden geçmese ol, gahara münme,
Puşmanlykdan dolar, dostuň ýok bolar,
Men-menlik eýleýip, gahara münme.

Gahar gazap bolar, özüň bilmersin,
Agzyñdan paýys söz, çyksa duýmarsyň,
Günä işlediňmi, göwün tapmarsyň,
Göwün bir aýnadyr, gahara münme.

Her kimiñ öz işi, her kimiň rysky,
Bahyl bolma ile, bermese rysky,
Alla dil
eýle, nesipli köşgi,
Nalap öz köñlüñe, gahara münme.

Sermende eyleme, masgara bolup,
Çala bir zat bolsa, müň bela bolup,
Bela-beter bolup, bihaýa bolup,
Ile gülki bolup, gahara münme.

Yagsynyn köñlünde, kine az bolar,
Göwün gözläp yörmez, öyke az bolar,
Yamanyñ köñlünde, dag-ýegsan bolar,
Yagsyny ar edip, gahara münme.

Degişmek gowudyr, ýerlikli ýerde,
Gam-gussa batañda, ýekelik ýerde,
Ylham gelip dursa, IImyrat bende,
Bende sen ýerliksiz, gahara münme.


Ilmyrat Annasähedow.
20
135
Myhman Myhman
17 Yanwar 2023
Mlds 😉
Myhman Myhman
17 Yanwar 2023
Like..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.