ÝAZMAK - ÝAŞAMAGYŇ MANYSY !
***
Eger gürrüň berip , keşp döredip , wakalary oýlap tapyp bilýän bolsaňyz , özüňizdede höwes bar bolsa , onda nähili ýazýanyňyzyň parhy ýok .
Somerset Moem .
***
Eger wakalary toslamaga güýçdür hyýalyňyz bar bolsa hemem ýazmaga ýürek edip bilseňiz , onda durmuşyň ähli zadyny beýan edip bilersiňiz . Sebäbi döredijiligiň iň ganym duşmany özüňe ynamsyzlykdyr .
Silwiýa Plas .
***
Hakyky kitap elmydama özüne okyjy tapýandyr .
Woli Läm .
***
Ençeme ýyllap hiç bir eserimi tamamlaman gezdim . Sebäbi her bir işiň tankydy tarapy bar .
Erika Joň .
***
Özüňe ynan , ukybyňa bil bagla . Öz güýjüňe ynanmasaň , durmuşda bagtlam bolup
bilmersiň , şowlulygam ýar bolmaz .
Norman Winset Pil .
***
Eger aňry baş ýazýançam garaşan bolsam ,
onda ýeke sözem ýazmazdym .
Margaret Etwud .
Ýazmak arkaly ähli zadyň hötdesinden gelip bolýar .
Klaýw Steýplz Lýuis .
***
Hakyky alhimikler gurşuny altyna öwrenok , olar dünýäni söze öwürýär .
Wilýam Gas .
***
Sözler biziň düýbi görünmeýän keramat çeşmämiz .
Joan Rowling .
***
Guş jogap tapany üçin saýranok , ol aýdym aýdýar .
Maýa Anjelu .
***
Men özüme güýç bermek , özümde ýok gahrymanyma öwrülmek hemem gorkýan zatlarym bilen ýüzleşmek üçin ýazýaryn .
Jos Widn .
***
Ýazýarkam ähli zatdan halas bolýaryn , gussalarym gaýyp bolup , özümde ynam döreýär .
An Frank .