BaýramBejidow
16.01.2023 21:17
Sen juda ýakynsyñ maña,
Peşgeşi ýaly Tañrynyñ,
Sen juda zerursyñ maña,
Güwäsi ýaly añrymyñ.

Akar çeşmeden dury sen,
Göwnüñ tämiz ak gar ýaly,
Bagryma basasym gelýär,
Duýgylarmy aklar ýaly.

Kalbyma iññe dürtilse,
Derdime em eden sensiñ,
Sadajadym, adatykam,
Üýtgeşik sereden sensiñ.

Şowlulyga ýardamym sen,
Ýukalan göwnüme ýama,
Peşgeşi ýaly Tañrynyñ,
Sen juda ýakynsyñ maña!.

Awtory: Baýram Bejidow
18
93
Myhman Myhman
17 Yanwar 2023
Саламалеким говымысыныз шу программаны тазе уланып башладымда шона 1 комегиниз герети шол беллик едиленлери нирден тапсам боларка 1 гошгыны беллик еттим велин хич тапамок
pursat
16 Yanwar 2023
Kop sag boluñ!Galamyñ ýiti bolsun dost!
pursat
16 Yanwar 2023
Kop sag boluñ!Galamyñ ýiti bolsun dost!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.