ÝAZMAK - ÝAŞAMAGYŇ MANYSY !
***
Eser ýazyjynyň hyýalynda başlap , okyjynyň hyýalynda tamamlanmalydyr .
Stiwen King .
***
Ýazyjyda gözýaş bolmasa , okyjydada bolmaz . Ýazyjy geň galmasa , okyjam geň galmaz .
Robert Frost .
***
Ýazyjy bolmak isleýän bolsaň , etmeli iki sany zat bar : köp okamaly we köp ýazmaly .
Stiwen King .
***
Gapyny ýapyp , ýazýarkaň hiç kim depäňden
garap durmasyn . Adamlaryň nämäni eşidesiniň gelýändigini biljek bolmada , olara näme aýtmalydygyňy biljek bol . Bu seniň olaryň öňündäki ilkinji we ýeketäk borjuňdyr .
Barbara Kingsolwe .
***
Özüňe lezzet bermeýän zatlary ýazma , sebäbi
« duýgy » diýilýän zat ýazyjydan okyja
aňsatlyk bilen geçýär .
Jozef Jube .
***
Iň uly zehin — az sözlülikdir , bir söz üçin iki söz ulanmazlykdyr .
Tomas Jefferson .
***
Eseriňizi täzeden işläniňizde , ony boldugyça gysgaldyň , artykmaç zatlaryň ählisini aýryň . Elbetde , bu ýokuş deger , sebäbi pikirleriňi gysgaltmak çagaňdan ýüz öwren ýaly bir zat . Ýöne bu hökman edilmeli zat .
Stiwen King .
***
Ömrümiň ýarysyny ýazan zatlarymy gaýtadan gözden geçirmäge sarp etdim .
Jon Owin .
***
Siz içiňizdäki ody beýlekileriň kalbyna we aňyna geçirmek üçin ýazýarsyňyz , biz bolsa tüssäniň aňyrsyndanam oduň görünmegi üçin redaktirlemeli bolýarys .
Artur Plotnik .
***
Ýazmak ugrundan sapak alýan islendik adamyň bilşi ýaly , gowy ýazmagyň syry gabygyny aýyrmak , harpygyndan arassalamak , ýonmak , timarlamak , her bir artykmaç sözi aýyrmak , aýyrmak we aýyrmakdyr .. ...
Nik Hornbi .
***
Ýazyjylyk ukybymyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin on bäş ýylymy sarp etdim , ondan soň ýazmagy taşlardan juda meşhur boldum .
Robert Bençli .
***
Eger lukman maňa ýaşamak üçin bary ýogy alty minudymyň galandygyny aýdan bolsa , men oýa batyp oturmazdymda , öňkimden azajyk çaltrak ýazyp başlardym .
Aýzek Azimow .