abdy_dayy
15.01.2023 22:21
Lukmanlaryň berýän maslahatyna görä, nar şerbeti immunitetiňi berkidip, gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrmakda, güýjüňe güýç goşmakda ilkinji orunda durýan içgileriň biridir.

Nar şerbeti ähli döwürlerde-de iň peýdaly içgi hasap edilipdir. Bu şerbet düzüminde immun ulgamyna jogapkär antioksidantlaryň we antosianlaryň köp mukdaryny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Nar şerbeti tebigy immunmodulýatordyr. Mundan başga-da, nar şerbeti immunitet üçin juda zerur bolan, bölünip çykýan öýjükleriň 80 %-ini özünde saklaýan içegeleriň işleýşini hem kadalaşdyrýar. Netijede, nar şerbetini içen adamyň güýjüne güýç goşulýar we ol özüniň gujurynyň artýandygyny görnetin duýýar.

Nar şerbeti ýag erediji D we E witaminlerini, ýarym doýgun K we omega-3 kislotalaryny hem özünde saklaýar. Özi-de, bu şerbet gandaky gemoglobini artdyrmak bilen, ganazlygy bejermäge hem ýardam edýär.

Lukmanyň maslahatyna laýyklykda, nar şerbetini özüň taýýarlap içmek has peýdaly. Nar şerbetini taýýarlanyňdan soň, oňa azajyk suw goşmaly we ony ýarym sagadyň dowamynda içmäge çalyşmaly.
12
65
butterfly
15 Yanwar 2023
👍👍👍👍👍👍
melek06
15 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.