Ylym-bilim hakynda nakyllar.
Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.
***
Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.
***
Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak.
***
Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär.
***
Ylymsyz bir ýaşar, ylymly-müň.
***
Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag.
***
Işiň ussasy – okamak.
***
Okadym diýme, bildim diý.
***
Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz.
***
Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et,
Bilimiň bolsa, bilmedige öwret.
***
Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.
***
Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.
***
Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň – çägi.
***
Akyl – ylmyň hyrydary.
***
Alym gül getirer, ary – bal.
***
Bilimli – uçar , bilimsiz – gaçar.
***
Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsada syzylyp çykar.
***
Ylym akyldan dem alar.
***
Ylym – akylyň ýarasy.