ÝAZMAK - ÝAŞAMAGYŇ MANYSY !
***
Näme ýazsaň ýaz , parhy ýok , ýöne ýaýdanjaňlyk etme . Grandy açmasaň suw akmaz .
Lui Lemur .
***
Ýaz , bagtyňy synap gör . Ähtimal , erbet bolmagam mümkin , ýöne bu seniň gowy zatlary başarýanlygyň ýeketäk ýoludyr .
Wilýam Folkner .
***
Ilkinji garalama — bu ýazjak eseriňi öz - özüňe gürrüň bermekdir .
Terri Pratçet .
***
Başda gowy zatlar boluberenok . Ýaramazam bolsa , göwnüňe , gowy zatlar ýazýandyryn öýdýäň , ýöne soň ýuwaş - ýuwaşdan ökdeläp ugraýarsyň .
Oktawiýa Batle .
***
Taýyn dälkäň başla .
Stiwen Presfild .
***
Ýerine düşmedik işi redaktirlese bolar , emma aňyrsy boş bolsa bolmaz .
Judi Pikuld .
***
Ylham gelerine garaşyp oturmaly däl , eliňe taýak alyp , onuň yzyna düşmeli .
Jek London .
***
Entek soňunyň nähili boljagyny görüp goşgy ýazamok , sebäbi goşgy ýazmak — açyş etmekdir .
Robert Frost .
***
Eger okamak isleýän kitabyň entek ýazylmadyk bolsa , onda ony özüň ýaz .
Toni Morrison .
***
Gahrymanyň näme isleýändigini bileniňden soň , diňe onuň yzyna düşäýmek galýar .
Reý Bredberi .
***
Ýazyjy wagtynyň köp bölegini okap geçirýär . Ol bir kitap ýazmak üçin kitaphanadaky kitaplaryň ýarysyny okamaly bolýar .
Samýuel Jonson .
***
Gowy kitap ýazmak üçin gowy
mowzuk ( tema ) gerek .
Herman Melwil .