Gastroenterolog, dietolog, lukmancylyk ylymlarynyň kandidaty Alýona Potaşewa ýumurtga bilen iýmitlenmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Alym 15 ýyl mundan ozal ýumurtga bilen iýmitlenmegiň zyýanlydygy baradaky pikirleriň agdyklyk edendigini belleýär. Emma häzirki geçirilen barlaglar ýumurtganyň holesterine täsiriniň ýokdugyny subut edipdir. Organizme ýumurtga ýetmedik ýagdaýynda bolsa bagyr özbaşdak holesteriniň mukdaryny köpeldýär.
Birnäçe ýyl mundan ozal alymlar şeker diabetiniň durnuklylygyny saklamak üçin säher bilen mannyý ýarmasyny däl-de, ýumurtga bilen iýmitlenmegiň has peýdalydygyny ýüze çykardylar. Hakykatdan hem, belok beýleki uglerodlara garanyňda insulin bilen az täsirleşýär.
Bu barlaglara laýyklykda, ýumurtga bilen ertirlik edinmegi saglyga zyýanly hasaplamak nädogrudyr. Gowrulan ýa-da gaýnadylan ýumurtganyň ýany bilen gök önümlerden taýýarlanylan işdäaçarlaryň iýilmegi siziň dokmäde gezmegiňize mümkinçilik berer. Mannyý ýarmasy bolsa siziň iki sagatdan ajykmagyňyza getirer.
Kim ýumurtga iýmekden saklanmaly?
Adamlaryň, aýratyn hem çagalaryň proteinleriň käbir görnüşlerine allergiýasy bolýar. Onuň esasynda agyr ýagdaýlaryň döremegi mümkindir. Elbetde, sizde şeýle ýagdaýlar gabat gelýän bolsa, ýumurtgany iýmit rasionyndan aýyrmak maksadalaýyk bolar. Eger-de sizde ýumurtga allergiýa ýok bolsa, ony işjeňlik bilen öz iýmitiňize goşup bilersiňiz.