Maýa06
14.01.2023 13:17
Islandiýa hakda eşidilmedik maglumatlar! Sanawdan çaga atlaryny saýlap bilerler!
Tebigaty bilen haýran galdyrýan ýurtlaryň biri bolan Islandiýanyň düzgünleri we däp bolan medeniýetleri hakda eşitseňiz, gözýetimiňiz açylar. Ine, Islandiýa hakda gyzykly maglumatlar...


Iki dünýä bölegini şol bir wagtda elläp bilersiňiz

Islandiýada iki tektoniki platonyň arasynda ýüzüp bilersiňiz. Bir wagtyň özünde iki materige degip boljak ýeke-täk ýer Islandiýa. Şeýlelik bilen Demirgazyk Amerika we Ýewraziýa yklymlaryna hem degip bilersiňiz. Dünýädäki iň arassa suwlaryň biri şu ýerde. Ol ýer UNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawy hökmünde bellendi.
Islandiýa


Demir ýoly ulanylmaýar

Islandiýada demir ýol ulgamy ýok. Diňe gurluşyk materiallaryny daşamak üçin ulanylýan demir ýol bar, ilatyň azlygy sebäpli halk üçin ulanylmaýar.



24 sagadyň dowamynda aýlanyp bilersiňiz

Maşyn bilen Islandiýa 24 sagadyň dowamynda aýlanyp bilersiňiz.



ÇAGA atlary sanawdan saýlanýar

Çagalara at dakanda, ady tassyklanan sanawdan saýlanmaly we atlandyryş komitetinden tassyknama almaly. Sanawyň daşynda bir at goýmak islese, komitetden rugsat almaly.



Çagalary sowukda ýatyrýarlar

Ene-atalar köplenç çagalary sowukda ýatyrýarlar. Sebäbi immunitet ulgamyny güýçlendirer öýdülýär.




Çybynlar ÝOKDUR.

Islandiýada çybyn ýok. Sowuk howa çybynlaryň ýaşamagy üçin amatly gurşaw däldigi sebäpli, çybynlar ýok.




MCDONALD'S ýapyk

Islandiýada Makdonalds ýok. “Makdonalds” 1993-nji ýylda açyldy, ýöne ýokary salgytlar we bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli 2009-njy ýylda ýapyldy. Muňa garamazdan, esasy belli sebäp halkyň arasynda boýkot etmekdir. 'Hamborgarabulla', Islandiýalylaryň gaty gowy görýän ýerli burger zynjyry. Şondan soň Makdonalds boýkot edilip başlandy.



BIRINJI Aýal PREZIDENT

Dünýäde demokratik ýol bilen saýlanan ilkinji aýal prezident 1980-nji ýylda Islandiýada Wigdis Finbogadottir boldy.



Elfler-iň bardygyna ynanýarlar

Käbir Islandiýalylar Elfleriň bardygyna ynanýarlar we Reýkýawik sebitinde Elf mekdebiniň bardygyny pikir edýärler. Bu görkeziji 54 göterime golaý.



Familýalary aýratyn

Bir maşgala agzasy bolan adamlaryň hemmesiniň başga familiýasy bolup biler. Islandiýada iki adam durmuşa çykanda, aýal öz familiýasyny ulanyp bilýär. Är-aýalyň eger ogly bar bolsa, kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasynyň soňuna '-son' goşulmasy goşulýar we bir gyz dünýä inse, '-dottir' goşulmasy goşulýar we täze familiýa döredilýär.





Täze ýyl kitap sowgady

Täze ýyl sowgady hökmünde kitap satyn alynýar. Iň köp kitap okaýan ýurtlaryň arasynda Islandiýa hem bar. Däp bolşy ýaly, 24-nji dekabrda Islandiýada “Jolabokaflod ýa-da Roždestwo kitap suw joşmasy” adamlar birek-birege sowgat hökmünde kitap sowgat berýärler we gijäni okamak bilen geçirýärler.




Arktik tilki

Islandiýada ýeke-täk ýerli süýdemdiriji arktik tilkilerdir. Islandiýada takmynan 8-10 müň arktik tilki bar. Arktik tilkiler Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň gyzyl sanawynda.



Ýürek şekilli trafik çyrasy

Akureýri şäherindäki swetoforda gyzyl ýürekler bar. Munuň sebäbi, 2008-nji ýyldaky ykdysady krizis wagtynda adamlaryň depressiýa düşmegidir. Halkyň ahlagyny ýokarlandyrmak üçin häkimlik, ýolyşyk çyralaryny ýürek görnüşinde düzdi.


Siz haýsy däplerini has köp haladyňyz??
30
428
Maýa06
15 Yanwar 2023
yakup allabayew, hawwa kiçiräjik gatam uly däl
yakup allabayew
15 Yanwar 2023
Govy post gyzykly eken hemme dabem govy ýöne 24 sagatda tutuş aýlanyp bolsa kici dowlet ekeni
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
Kitap okamak daplerini haladym
Maýa06
15 Yanwar 2023
Imissyou, sag bol
AýgülÝazweliýewa
14 Yanwar 2023
Ýöne barbir öz ýurduňa deň geljegi bolmaz m.p
AýgülÝazweliýewa
14 Yanwar 2023
Käbir däplerini bizem özleşdiräýmeli ekenik, meselem täze ýyly kitap okap geçirýän däbi, gijesi bilen bolmajak oturşlyk gurnap ýörenlerinden🤔
Marýam
14 Yanwar 2023
Arktik tilki owadanja eken😊👍
💎💎Tylla💎💎
14 Yanwar 2023
Likeeeee
melek06
14 Yanwar 2023
Post 👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
olia
14 Yanwar 2023
Barde biziňkilerde bar o. Daýzamyň gyzy çykanda gyz tarap kafeda toý berende oglanam gelipdi shonda kafeda urupdylar oglan pahyry)) urup diýende ýençmek däl degşip urmak 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.