«Gijelerine ýatyp bilemok», «Ukymy alyp bilemok», «Günde 3 sagatdan artyk ýatyp bilemok» diýen şikaýatlaryňyz bar bolsa, öz saglygyňyza üns beriň we lukmana ýüz tutuň. Çünki kadaly uky almaýan ýa-da ýygy-ýygydan düýş görýänleriň ýürek agyry howpy has ýokarydyr — diýip, cnnturk.com saýty ýazýar.
Ukynyň ynsan saglygy üçin ýetirýän täsiri uludyr. Gijelerine ukusyny kadaly alanlar beýlekilere görä örän sagdyndyr. Emma ukusyny rahat alyp bilmedikler ýa-da ýygy-ýygydan düýş görýänler uklan wagtlarynda ýürek agyry töwekgelçiligi uludyr.
Adamlar ukusyna üns bermeli. Sebäbi adam ukyda wagty beýnisi täzelenýär. Öýjükleri bejerýär we täze güne taýýarlanýar. Ýaramaz uky, çalt garramaga, ýürek we başga-da birnäçe kesellere sebäp bolýar. Emma köp adam ukusyna ýönekeý garaýarlar. Bu ilkinji nobatda ýürek näsazlygyny döredýär.
Professor Ali Metin Esen uky barada şeýle gürrüň berýär:
— 6 sagatdan az uklamak we köp uklap bilmezlik ýaly ýagdaýlaryň ýürek agyry howpuny 20 göterimden gowrak ýokarlandyrýandygy subut edildi.