Günde 8 bulgur suw içmek adamyň ömrüni 15 ýyla çenli uzaldyp biler.
Suw organlaryň kadaly işlemegini üpjün edýär, kellagyrylary azaldýar, derini täzeleýär. Içýän arassa agyz suwunyň adam bedeni üçin peýdasy örän köpdür.
Bu barada Amerikanyň milli saglyk institutlarynyň alymlary täze gözlegleri geçirdiler. Gözlegde 11 müňden gowrak adamyň gany barlandy. Bu adamlar arassa agyz suwuny kabul edişine görä gözden geçirildi. Gözlegleriň netijesinde, has köp suw içen adamlaryň ömrüniň 15 ýyl artandygy mälim edildi. Günde belli bir derejede arassa agyz suwuny kabul etmegiň garramagyň öňüni alýandygy ýüze çykaryldy.
Alymlar arassa agyz suwuny az içmegiň DNK zeper ýetirýändigini belleýärler. Bularyň hemmesiniň adamlaryň garramagyny çaltlaşdyrýandygy mälim edildi. Az suw sarp eden adamlarda dowamly keseliň döremek howpunyň 64 göterim köpdügi anyklandy.
Şeýle-de bolsa, alymlar adamlara aşa köp suw içmezligi maslahat berýärler. Makalada günde 8 bulgur suw içmegiň ýeterlikdigi aýdylýar.